All posts by ACTM

EdUSA Kohort uçurymlarynyň tomusky okuw tejribe teklibi

EdUSA kohort uçurymy, Opportunity programmasynyň baýragynyň eýesi we häzirki wagtda Jamestown Community kollejiniň birinji kursunda okaýan Bägül Mammedowa, Nýu-NYorkuň Buffalo halkara institutynda tomusky okuw tejribe teklipini aldy. Bägül, Täze Amerikan Integrasiýa bölüminde tejribe gözleg we ösüş boýunça 2020-nji ýylyň iýun-sentýabr aýlarynda başlar. Institut ABŞ-a gelýän immigrantlara we bosgunlara garşy almak, çözgüt tapmak we iş tapmak arkaly kömek berýän guramadyr.

Birleşen Milletler Guramasy, ABŞ-nyň Döwlet Departamenti, USCRI, Täze Amerikanyň Ykdysadyýeti we başga-da köp guramalar we milli guramalar bilen hyzmatdaşlygy bar. Bu okuw tejribesi tölenmevär we Bägül Günbatar Nýu-Yorkda (GNY) täze medeni çäreleri we programmalary gurnaýan toparyň bir bölegi bolar. Bägül özüni diýseň tolgundyryjy duýýar we “Institutyň daşary ýurtlulary WNY-a birleşdirmek we jemgyýeti täze medeniýetler bilen baýlaşdyrmak maksady bilen institutyň esasy maksatlary sebäpli okuw tejribe maksatnamasynyň bir bölegi bolmaklygyna buýsanýar”.

Tejribelik wezipesiniň bir bölegi hökmünde, “BMG-nyň indiki Model guramasyny guramaga we taýýarlanmaga, täze wakalary döretmäge we ösdürmäge, bosgunlar we immigrantlar üçin iňlis dilindäki programmalary gowulandyrmaga kömek eder”. Bägül, okuw tejribesi kollejiň esasy we geljekki hünäri bilen Global Gozleglerinde uly mümkinçilik döreder diýip hasaplaýar.

Uçurymyň ylmy iş komekçiligiň üstünligi

Bägül Mammedowa, Türkmenistandan “EducationUSA Mümkinçilik Gaznasynyň” uçurymy, häzirki wagtda Global Studies (Global ylymlary) hünäri boýunça Jamestown Community kollejiniň (SUNY) birinji kurs talyby. Bägül beýleki iki sany tapawutlanan daşary ýurtly talyp bilen bilelikde Rokfeller Hökümet Instituty tarapyndan 2019-2020-nji ýyllar aralygyndaky Riçard P. Natan jemgyýetçilik syýasaty stipendiýasyna mynasyp bolan Syýasy ylymlaryň professory Gregori Rabb-a kömek etdi. Netijede, Jamestown Community kolleji Nýu-Yorkorkda bu arkalaşygyň berilmegi üçin jemgyýetçilik kollejine öwrüldi! Gözleg, ştatyň on kiçi şäherini we 2018-nji ýylda maliýe stresine sebäp bolan şertleri gözden geçirdi. Bägüliň roly şäher häkimleri bilen geçirilen söhbetdeşliklere gatnaşmak we şäher býudjetleriniň üstünde işlemekdi.

#YouAreWelcomeHere baýragynyň alyjysy

EducationUSA Türkmenistan kohort uçurymy we Opportunity Funds baýragy alan Aýna Mammedowa, Tempel uniwersitetinden #YouAreWelcomeHere stipendiýasyny alan iki adamyň biridir. Biohimiýa hünäri boýunça birinji kursda okaýan Aýna, ABŞ-da okamak isleýändigini elmydama bilýärdi, ýöne maddy ýagdaýynyň ýetmezçiligi onuň iň uly päsgelçiligidi. Aýna: “Orta mekdepden bäri biohimiýany öwrenmek we ýokary hünärli fakultetiň ýolbaşçylygynda ylmy iş geçirmek isleýärdim” -diýdi. “Arzuwym hasyl boldy, başda Tempeldäki ylmy iş mümkinçilikleriniň köplüginden özümi birneme tolgundym, häzirki wagtda peýdalanmak we amaly tejribe toplamak üçin özümi ynamly duýýaryn.”

Aýna iki gezek Temple Dekan sanawynda abraýly agzasy boldy. Häzirki wagtda Templda Unibody Talyp ilçisi bolup işleýär we gelýän daşary ýurtly talyplara kömek etmek bilen Halkara Talyplar Işleri (ISA) bilen işleýär. “Temple ISA bilen daşary ýurtly talyplar üçin çäreleri guramakdan hakykatdanam lezzet alýaryn. ISA meniň üçin maşgala ýaly duýulýar we ISA işgärleri we beýleki daşary ýurtly talyplar meni gaty goldaýar. “ISA-nyň kömegi bilen Templiň halkara jemgyýetçiligine goşant goşup bilerin we her bir daşary ýurtly okuwçyny Tempelde özüni hoşniýetli duýar ýaly ederin diýip umyt edýärin.”

“EducationUSA Türkmenistan Cohort Advising ” programmasy arkaly Aýna ABŞ-da okuw tölegiň ýollary barada öwrenip bildi. “EduacationUSA Türkmenistan we geňeşçim, mendäki ukyplylygy görüp we meniň akademiki arzuwlaryma barýan ýolumda maňa goldaw berenligi üçin örän minnetdar”. Aýna we #YouAreWelcomeHere stipendiýasy @TempleUniversity hakda has giňişleýin maglumat üçin https://www.inquirer.com/news/temple-international-students-trump-welcome-scholarship-20190827.html çykgydyna basyň.