All posts by ACTM

Türkmenistanda FLEX uçurymlary “Eco-Challenge” çäresine gatnaşýarlar

15-25-nji ýanwar aralygynda FLEX uçurymlarynyň koordinatory Ýelena Gareýewa’08 uçurymlaryň daşky gurşaw meselelerini öňe sürmek, durnukly durmuş ýörelgesi bilen tanyşdyrmak we beýlekileri hem şeýle etmäge ylham bermek maksady bilen FLEX “Eço-Challenge” çäresini gurnady. Munuň üçin FLEX gatnaşyjylaryndan tebigaty goramakdaky oňyn goşantlaryny suratlandyrýan suratlar ibermegi haýyş edildi. Bu çärä Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýaşaýan 20 töweregi uçurym işjeň gatnaşdy.

Ine, uçurymlarymyzyň ajaýyp eserlerinden biri:

“Men ogluma hapalamagy we galyndylary azaltmak, şeýle hem elektrik we suw tygşytlamak arkaly daşky gurşawy goldamaklygy öwretmäge çalyşýaryn. Durmuşymyzy ekologiýa taýdan arassa etmäge synanyşýarys. Şeýlelik bilen, oglum kiçilikden bankalary, çüýşeleri, mata, plastmassa we karton gutulary gaýtadan ulanyp, dürli zatlar ýasýar. Biziň täze ýyl bezeglerimiziň köpüsi şol ýasalan zatlardan ybarat.”Ogulsoltan Ashyrova’05

Iberilen maglumatlar görüldi we 4 ýeňiji saýlanyldy. Olara ekilmäge taýyn toprak we tohumly eko haltalar we küýzeler berildi. Küýzeler we eko haltalarda FLEX uçurymlarynyň nyşany bardy. Ýelenanyň gurnaýan “Walking Challenge”, “Diversity Challenge” we “Eco-Challenge” ýaly çäreleri FLEX uçurymlaryny höweslendirýär we uçurymlar jemgyýetine aktiw gatnaşmaga çagyrýar.

FLEX Minnetdarlyk Güni 2022 tutuş Türkmenistanda bellendi!

FLEX minnetdarlyk güni 2022, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň dört welaýatynda bellenildi. Bu çärä dürli ýyllardan we welaýatlardan umumy 35 uçurym gatnaşdy, olar FLEX maksatnamasynyň we Amerikanyň kabul edýän jemgyýetiniň Minnetdarlyk gününi bellemek üçin uçurymlar ACCELS (Aşgabat), Türkmenabat Amerikan burçy, Mary Amerikan burçy we Daşoguz Amerikan burçuna ýygnandylar. Paýtagtda geçirilen dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimowyň we Amerikan Geňeşlikleriniň Müdiri Kerri Milleriň açylyş sözlerinden başlap, bingo, ownuk oýun oýnamak, ýörite döredilen FLEX uçurymlarynyň minnetdarlyk çarçuwasy bilen surata düşmek we FLEX minnetdarlyk kartlaryny doldurmaklyk bilen dowam etdi. Mundan başga-da, uçurymlara iýmit, içgiler we FLEX maksatnamasynyň logosy bilen bezelen tort hödürlendi. Maksatnama minnetdarlyk bildirmekden başga-da, uçurymlar biri-biri bilen iş we şahsy durmuşlary barada gürleşip hasam ýakynlaşdylar. FLEX maksatnamasynyň uçurymy bolmak bu bir maşgala ýaly birek-birek bilen gyzgyn duýgulary paýlaşmak. FLEX uçurymlarynyň aýdyşy ýaly “Bir gezek FLEX hemişelik FLEX”!

Türkmenistandaky FLEX uçurymlary Ýöreýiş ýaryşyna gatnaşýarlar!

Türkmenistandaky FLEX uçurymlarynyň koordinatory Ýelena Gareýewa’08, Bütindünýä Arassalaýyş gününi bellemek üçin FLEX uçurymlarynyň arasynda 7-20-nji sentýabr aralygynda Ýöreýiş Ýaryşy 2022-ni gurnady. Bu ýaryşa Türkmenistanyň 5 welaýatyndan we daşary ýurtlardan 20 sany FLEX uçurymy pyýada ýöremäge, ädimlerini sanamaga we üstünliklerini Ýelena bilen paýlaşmaga işjeň gatnaşdy.

Continue reading Türkmenistandaky FLEX uçurymlary Ýöreýiş ýaryşyna gatnaşýarlar!