Category Archives: Flex

FLEX uçurymlary bilen tigir sürmek

Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanda ekologiki hereket mynasybetli FLEX uçurymlary tigir sürmek çäresine gatnaşdylar. Türkmenistanda ekologiki hereketiň esasy maksady paýtagtda ulaglaryň ulanylmagyny çäklendirmek we ýerine tigir ulanmakdy. Şeýlelik bilen, Tatýana Malyhina10 Aşgabat şäheriniň töwereginde 9 FLEX uçurymy bilen bilelikde tigir sürmek çäresini gurnady. Tigir sürmegiň dowamynda daşky gurşawy goramagyň, gaz zyňyndylarynyň we Türkmenistanda tebigaty goramak çärelerine her kimiň gatnaşmagynyň zerurdygy barada gyzgalaňly söhbetdeşlik boldy.

Aýlar Reýimowa’18 (Aşgabat) aýdyşy ýaly: “Toparlaýyn tigir sürmek gowy däbe öwrüldi. Meniň pikirimçe, bu ýaşlary sport bilen meşgullanmaga höweslendirýär”. Ondan soň, FLEX uçurymlary açyk pikniklere gatnaşyp, geljekdäki çäreleri gurnamak we meýilleşdirmek baradaky pikirlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

FLEX maksatnamasynyň uçurymlary bilen plastik çöpleme çäresi


Şu ýyly Dünýä güni “Earth day” mynasybetli Türkmenistanyň FLEX uçurymlary plastmassany gaýtadan işlemek taslamasyny gurnadylar. Bir hepdäniň dowamynda 6 sany uçurym öýlerden ulanylan plastmassa galyndylaryny ýygnadylar. Maý aýynyň 9-na uçurymlar ýygnan plastmassany Türkmenistanyň plastmassany gaýtadan işleýän kärhanasyna tabşyrdylar. Balkanabatly FLEX uçurymy Bagtygül Annaýewanyň aýdyşy ýaly: “ Plastmassanyň häzirki ulanylyş derejesi we ýerliksiz taşlamaklyk daşky gurşawyň hapalanmagyna getirýär. Daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak üçin plastmassany gaýtadan işlemeklik, häzirki wagtda geçirilmesi mümkin bolan iň möhüm çäreleriň biridir.”
Mundan başga-da, uçurymlar FLEX uçurymlarynyň plastmassany gaýtadan işlemek baradaky taslamasynyň bir bölegi hökmünde Aşgabatdaky Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine gaýtadan işlemek üçin gap almagy meýilleşdirýärler.

2021-2022 okuw ýyly üçin FLEX synagy: geçirilmeýändigi barada bildiriş

Häzirki global pandemiýasy bilen baglanyşykly, halkara gatnawlaryna girizilen çäklendirmeler sebäpli, Amerikan Geňeşlikleri 2021-2022-nji amerikan okuw ýyly üçin FLEX synagyny Türkmenistanda geçirmeýär.

2022-2023-nji okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasyny 2021-nji ýylyň ahyryna geçirmegi meýilleşdirýär. Synagyň talaplary we täze synagyň tertibi barada maglumatlary we täzelikleri öwrenmek üçin biziň websahypamyzy barlamagy dowam etmegiňizi haýyş edyäris. Goşmaça soraglaryňyz bar bolsa, flex.tm@americancouncils.org   arkaly biz bilen habarlaşyp bilersiňiz.