Category Archives: News

FLEX maksatnamasynyň Aşgabatdaky netijeleri

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi şu ýyl dartgynly geçirilip, oňa 370-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Üçünji tapgyra geçen okuwçylaryň sanawyny şu taýda tapyp bilersiňiz. Üçünji tapgyra çagyrylan okuwçylar 20-nji mekdebe bellenilen wagtyndan iň azyndan 15 minut öň gelmelidir. Hem-de ýany bilen GARA ruçka getirmelidir. Ikinji tapgyrdan geçen okuwçylary gutlaýarys hem üçünji tapgyrda üstünlik arzuw edýäris!

HALKARA BILIM HEPDELIGI

Halkara bilim hepdeligine geliň hem onuň bilen baglylykda özbaşdak 
bilim almak meseleleri barada köp sanly gyzykly prezentasiýalary
tegelek stollarywe beýleki geçiriljek çäreleri diňlemek üçin geliň!

Wagty? Noýabr aýynyň 16-20-ne geçiriler

Geçirilýän ýeri? Maglumat Serişdeleri Merkezi (MSM)

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi, Işewürlik merkezi, 3-nji gat, Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy, Aşgabat, Türkmenistan

Maksady? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara ýokary bilim bilen tanyşdyrmak

Doly maglumat almak üçin 

Halkara Bilim Sergisi 2015

ABŞ-nda Halkara Bilim Stendine Geliň!

Wagty?
Noýabr aýynyň 12-13-ne sagat 10:00 dan 20:00 aralygynda geçiriler
Noýabr aýynyň 14-ne sagat 10:00 dan 15:00 aralygynda geçiriler

Geçirilýän ýeri?
Sergi köşgi, Garaşsyzlyk şaýoly 104, Aşgabat, Türkmenistan

Maksady?
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara ýokary bilim bilen tanyşdyrmak


ABŞ-da Halkara Bilim Sergisi barada doly maglumat almak üçin http://americancouncilstm.org/education-fairs/?lang=tm