Category Archives: News

FLEX 2019 maksatnamasynyň ýenijileriniň gönükdiriji maksatnamasy

Iýun aýynyň 26-29 günleri, FLEX maksatnamasynyň 15 ýeňijisi Amerika ugramazdan öňki gönükdiriji maksatnamasyna gatnaşdylar, gönükdiriji maksatnamasynyň maksady: Amerikada ýaşaýyş,     kabul ediji maşgalalar we amerikan mekdepleri bilen tanyşdyrmakdan ybarat. Gönükdiriji maksatnama dört gün dowam edip, ýeňijiler Iňlis dilinde gürleşilýän gurşawda boldylar.


Okuwyň birinji güni ýenijileri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet hem-de Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň wekili, Türkmenistandaky Amerikan Geňeşlikleriniň direktory garşyladylar. Soňra ýeňijiler gönükdiriji maksatnamasynyň instruktorlaryň taýýarlan Amerikan medeniýeti, halky we okuw sistemasy baradaky interaktiw sapaklary diňlediler.


Maksatnamanyň ikinji güninde ýeňijiler sebit howpsyzlygy boýunça harby Attaşe bilen günortanlyk etdiler we ABŞ-nyň ştatlary barada soraglar berdiler. Soňky güni ýeňijiler maksatnamanyň uçurymlary bilen duşuşdylar, olar hem öz gezeginde alyş-çalyş maksatnamasyny üstünlikli geçirmek we amerikan medeniýeti barada maslahatlar berdiler. Bir hepde geçenden soň ýeňijileriň biri: “ Bu meniň durmuşymdaky iň gowy dört gündi, we men bu pursatlary ýadymdan çykarmaryn. Gönükdiriji maksatnamasyndaky okuwlar maňa Amerikada kömek etjegine ynanýaryn we bu mümkinçilik üçin minnetdar” diýip paýlaşdy.

ABŞ-a ugramazdan öň EducationUSA gönükdiriji okuwy

2019-njy ýylyň iýun aýynyň 7-si hepdäniň Anna güni Aşgabat şäherindäki EducationUSA we Türkmenistandaky Amerikan Geňeşlikleri 2019-njy ýylyň güýzünde okuwa gitjek okuwçylar üçin uçuşdan öňki gönükdiriji okuwyny geçirdiler.

Gönükdiriji okuwyň maksady – okuwçylara ABŞ-nyň kollejlerine we uniwersitetlaryna, ýaşaýşa taýynlanmana we duş gelýän kynçylyklardan nähili baş alyp çykmalydygy barada okuw we maslahatdan ybaratdy. ABŞ-nyň John Hopkins Uniwersitety, Temple Uniwersitety, Hofstra, Seattle Uniwersitety, Florida Tehnologiýa Instituty, Wisconsin Uniwersitety, North Carolina Wesleyan Uniwersitety, Indian State Uniwersitety, Southern Indian Uniwersitety ýaly dürli kollejlerine we uniwersitetlerine kabul edilen umumy 49 sany okuwçy gönükdiriji okuwa gatnaşdylar.

Bu ýylky gönükdiriji okuwda ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we Medeniýet bölüminiň wekilleri we Amerikan Geňeşlikleriniň esasy ofisiniň Ýokary bilim boýunça wekili çykyş etdiler. Hem-de ABŞ-nyň ilçihanasynyň wizalar boýunça wekili F-1 student wizasy barada çykyş etdi.

Ondan başga-da “ABŞ-da okuw” maksatnamasynyň uçurymy we Merkezi Waýoming kollejiniň (CWC), birinji ýyl talyby Kerim Welbaýew özüniň akademik okuw ýyly we kollejdaky okuwyny tölegsiz doly dowam etdirmäge gazanan mümkinçilikleri barada gatnaşyjylar paýlaşdy. Häzirki wagtda Amerikada okaýan “ABŞ-da okuw” maksatnamasynyň uçurymlary, gönükdiriji okuwa gatnaşýanlara gazan üstünligi bilen gutlap, wideo ugratdylar.

FLEX maksatnamasynyň 2018-2019-njy okuw ýylynyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okap

FLEX maksatnamasynyň 2018-2019-njy okuw ýylynyň dowamynda amerikan mekdeplerinde okap, Amerikan maşgalasynda ýaşan we türkmen medeniýetini tanadan gatnaşyjylarymyz öýüňize hoş geldiňiz!


Biz siziň ähli başdan geçirenleriňiz, alan tejribeleriňiz we Amerikan medeniýeti barada öwrenenleriňizi bilmäge sabyrsyzlanýarys!


Ähli Amerikan burçlarynda we Amerikan Geňeşlikleriniň Aşgabatdaky ofisinde “Hoş geldiňiz” çäreleri geçiriler. Ähli isleg bildirýänleri, FLEX maksatnamasynyň ýaş uçurymlaryny biz bilen bilelikde garşylamaga çagyrýarys.