EAC

BILIM WE MASLAHAT BERIŞ MERKEZINIŇ KITAPHANASY (EAC)

Aşgabatdaky Bilim we Maslahat beriş merkezinde halkara bilim almak standartlaşdyrylan test synaglary çygrynda ýöriteleşdirilen edebiýaty bolan kitaphana bar. Biziň kitaplar ýygyndymyzda Bilim we Maslahat beriş merkezine gelýän adamlaryň ählisi üçin elýeter bolan takmynan 300 görnüşli kitaplar bar. Şol kitaplarda gozgalýan meseleler talyplaryň ýokary okuw jaýyna resminamalary tabşyrmaklary, gelejeki kärini meýilleşdirmekleri bilen baglanşykly, ýöne çäklenmeýän meseleler gozgalýar şeýle hem, ol ýerde synaglara taýýarlyk görmek üçin niýetlenen materiallar ýerleşdirilendir.

Aýratyn hem, şu aşakdaky meseleler boýunça edebiýatlar bar:

  • Magistr derejesine resminamalary tabşyrmagyň strategiýasy (Peterson’sGraduateProgramOverview);

  • Belli-belli ugurlar boýunça ýagny, işewürlik, hukuk, sungat, sosiologiýa, bilim, ynsanperwerlik ylymlary, lukmançylyk we ş.m. magistr derejesini almak üçin, resminamalary kabul etmegiň ýörelgesi;

  • ABŞ-da doktor derejesi üçin bilim almak;

  • Doktorlyk derejesinden soňraky ylmy işler baradaky maglumat;

  • Uniwersitetlerde we kolejlerde bilim almak üçin maliýe kömegini şol sanda, sport talyp hakyny almak üçin maslahatlar;

  • Bakalawr derejesine resminamalary tabşyrmagyň strategiýasy;

  • Gelejeki käriňi meýilleşdirmegiň strategiýasy;

  • Gürrüňdeşlikde, Şahsy kagyzyňy (CV), rezumeňi we ugradyş hatyňy taýýarlamakda zerur bolan ukyplar;

  • Öz maksatlaryňy beýan etmegi başarmak;

  • Grant almak üçin delillendiriji düzmäni ýazmak üçin maslahatlar;

  • Testlere: TOEFL, SAT, Predmetleýin testlere: SAT, GRE, GMAT,GED,LSAT,ACT taýýarlanmak üçin ýörite kitaplar;

  • ABŞ-nyň taryhy, medeniýeti, sungaty, döwlet gurluşy, Kongres, saýlaw kollegiýasy, hukuk ulgamy;

  • Amerikan klassiki edebiýaty, beýannamalar, ylmy-meşhur edebiýat, bestsellerler, fantastika, ylmy fantastika, mistika we beýleki žanrlardaky kitaplar;

  • Özbaşdak öwrenmek üçin niýetlenen klassiki edebiýatyň uýgunlaşdyrylan tapgyrlary (Oxford Bookworms 1-6 derejeleri we Dominos 1-5 derejeleri);

Mundan başgada kitaphanada amerikan uniwersitetleriň we kolejleriň mahabatlandyryş materiallary şol sanda, resminamalary kabul ediş tertibini doly görkezýän kompakt diskler hem bar.

BILIM WE MASLAHAT BERIŞ MERKEZINIŇ KITAPHANASY

Contact Program Assistant to sign-up for library hours or consultations:

EducationUSA – Ashgabat 

Monday to Friday (10:00-17:00) except lunch time (13:00-14:00)
Phone: +99363502036

For all EducationUSA inquires:
E-mail: Ashgabat@educationusa.org