FLEX 2016 maksatnamasynyň bäsleşigi tamamlandy!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2017-2018 ýyllar üçin bäsleşigini tamam etdiler.

Bäsleşige Türkmenistan boýunça 1000-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşdylar.  Bäsleşik bäş welaýatyň synag merkezlerinde geçirildi.  Bäsleşigiň netijeleri 2017-nji ýylyň Aprel aýynda belli bolar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2017-2018 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär. FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär.  ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we maýyp okuwçylar üçin açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 220-den gowurak maýyp okuwçy gatnaşyp, şolaryň 6 sanysy Türkmenistandan.

Indiki  2018-2019 ýyllar aralygynda geçiriljek FLEX maksatnamasy 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi arkaly tassyklanandan soňra başlar.  Mekdep okuwçylary, mugallymlary we ene-atalar bäsleşik barada doly maglumaty biziň web-sahypamyzdan ýa-da ýakyn Amerikan merkezlerinden alyp bilerler.

Soraglar bilen Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz:
Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 48A;
Tel: (99312) 36-90-21 (goş 107)
Elektron salgysy: flex@americancounsilstm.org
http://americancounsilstm.org

image_pdfimage_print