“FLEX” Maksatnamasynyň Synaglary Açyk!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşiginiň açylanlygy barada buysanç bilen habar berýär!  Türkmenistanyň Bilim Ministrligine we Türkmenistanyň Daşary işler Ministrligine “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşigini gurnamak boýunça berýän goldaw we ýardamlary üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Bu ýyl üçin ýenijileriň sany 15. Şeýle hem Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna olaryň “FLEX” maksatnamasyna berýän goldaw we ýardamlary üçin köp sag bolsun aýdýarys. “FLEX” maksatnamasy dolulygyna ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ýeňijiler öz daşary ýurt pasportyny almak üçin, hossarlaryndan notarial razyçylyk almak üçin we resminamalaryny Aşgabatdaky ofisimyza ugratmak üçin çykdaýjylary özleri töleýärler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine uly üstünlik arzuw edýäris!

FLEX” maksatnamasynyň bäsleşiginiň tertipnamasy:

Okuwçylar diňe özleriniň ýaşaýan welaýatyna görä bellenen günde, sagatda we ýerde bäsleşige gatnaşyp bilerler – BAŞGA ÝAGDAÝLAR KABUL EDILENOK.

Welaýatlar

Güni

Wagty

Mekdep

Adresi

Mary, Mary welaýaty

Daşoguz, Daşoguz welaýaty

Balkanabat, Balkan welaýaty*

14-nji ýanwar

10:00

20-nji mekdep, Aşgabat Aşgabat şäherinde, Bäşimow köçesi,20
Türkmenabat, Lebap welaýaty

Türkmenbaşy, Balkan welaýaty

Ahal welaýaty*

21-nji ýanwar

10:00

20-nji mekdep, Aşgabat Aşgabat şäherinde, Bäşimow köçesi,20
Aşgabat*

28-njy ýanwar

09:00

20-nji mekdep, Aşgabat Aşgabat şäherinde, Bäşimow köçesi,20

*Okuwçylar FLEX maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşyp bilýärler. Ýylda bir gezekden köp gatnaşanlar bäsleşikden çykarylýar. Okuwçylar diňe ýaşaýan ýerine görä bellenilen güni bäsleşige gatnaşyp bilýärler.

Bäsleşigimize aşakdaky talaplara gabat gelýän okuwçylaryň ählisi çagyrýarys:

  • 2000-nji ýylyň Mart aýynyň 15-den, 2002-nji ýylyň Maý aýynyň 31-i aralynda doglan; 11-nji synpda okaýan gulluk borjuny ýerine ýetirmeli okuwçylar bäsleşige gatnaşyp bilmeýärler.
  • Bäsleşik geçirilýän wagty orta mekdepde okaýan, mekdep ýetişigi gowy bolan;
  • Iňlis dilini gowy bilýän;
  • Soňky 5 ýylyň dowamynda ABŞ-da 3 aýdan köp bolmadyk;
  • Amerikan wizasyny almak üçin ähli talaplara gabat gelýän;
  • Türkmenistanyň raýaty;

Ähli gabat gelýän okuwçylary synagyň 1-nji tapgyryna gatnaşmaga çagyrýarys. OLAR ÝANY BILEN:

  • dogluş hakyndaky şahadatnamasyny ýa-da pasportyny;

  • Bir surat (3×4 ölçegli);

  • Ruçka getirmelidirler;

  • synaglara mekdep lybasynda gelmelidirler.

Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar, özlerini talaba laýyk, ýagny tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny ((iPADs, iPODs,we ş.m.) ulanmak gadagandyr. Okuwçy ýokarda görkezilen enjamlary ýany bilen getiren ýagdaýynda , FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarylyp bilner.

Amerikan Geňeşlikleri okuwçynyň bäsleşik geçirilýän ýere gelmegi üçin ýol harajatlaryny tölemeýär. Okuwçy we onuň hossarlary bäsleşigiň ähli tapgyryna hem gatnaşmak üçin ýol harajatlaryny özbaşdak tölemelidirler. AMERIKAN GEŇEŞLIKLERI OKUWÇYLARYŇ WE OLARYŇ HOSSARLARYNYŇ BÄSLEŞIGE GATNAŞMAGY ÜÇIN EDEN ÝOL HARAJATLARYNY TÖLEMÄGE ÝA-DA ÖWEZINI DOLDURMAGA JOGAPKÄR DÄLDIR.

Synaglar Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň bäş welaýaty üçin hem Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşik 15 minutdan ybarat bolup, okuwçynyň iňlis dilinden bilimini barlaýan umumy test (1-nji tapgyr), Iňlis dilinde düzme ýazmak (2-nji tapgyr), we Iňlis dilinde test, düzme ýazmak hem-de söhbetdeşlik (3-nji tapgyr).

Özüniň 26-njy ýylynda “FLEX” maksatnamasy Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna 2018-2019-njy okuw ýyly üçin alyş-çalyş mümkinçiligini hödürleýän maksatnama bolup, Maksatnama gatnaşyjylaryny öýlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmeklige we yzyna gaýdyp gelmekligi üçin ähli harajatlary öz üstüne alýar, şeýle hem gatnaşyjylara talyp haklary berilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar amerikan maşgalasynda ýaşamak, mekdeplerinde okamak we sapakdan daşary işlere gatnaşmak bilen ABŞ hakynda giňişleýin öwrenerler. Şeýle hem maksatnama gatnaşyjylary kabul edýän guramalar we ýerli birleşikler tarapyndan geçirilýän çärelerine gatnaşyp bilerler, şeýlelik bilen olara amerikanlylary öz ýurdynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikler beriler.

Maksatnama gatnaşyjylar ABŞ-da bilim ugrynda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan saýlanýarlar. Saýlaw açyk bäsleşigiň, söhbetleşigiň, häsiýetnamanyň we iňlis dili bilimini barlaýan testirlemeleriň netijesi boýunça geçirilýär.

Bu maksatnama ähli okuwçylar üçin we şol sanda maýyp çagalar üçin hem açykdyr.  Eýýäm 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar şu maksatnama gatnaşdylar we ABŞ-da bilim aldylar.

Doly maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz:

(+99312) 36-90-16; (+99362) 01-51-87

image_pdfimage_print