FLEX 2018-19 NETIJELERI!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2018-2019 ýyllar ýeňijileriň sanawyny yglan etmäne buýsanýar.

ÝEŇIJILER

Alternatiw derejedäki okuwçylar

FLEX maksatnamasynyň geçirilişi Türkmenistanda-da dowam edýär. Türkmenistan boýunça 438 okuwçy bäsleşige gatnaşdylar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2018-2019 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär.
FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär. ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we fiziki mümkinçiligi çäkli okuwçylar üçin hem açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçy gatnaşyp, şolaryň 6-sy Türkmenistandan.

Indiki 2019-2020 ýyllar aralygynda geçiriljek FLEX maksatnamasy 2018-njy ýylyň güýz aýynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi arkaly tassyklanandan soňra başlar. Mekdep okuwçylary, mugallymlary we ene-atalar bäsleşik barada doly maglumaty, talaplary hem-de fiziki mümkinçiligi çäkli çagalar üçin ýörite test mümkinçilikleri barada 2018-nji ýylyň awgust aýynda biziň web-sahypamyzdan ýa-da ýakyn Amerikan merkezlerinden alyp bilerler.

Ýeňijileri ýene-de bir sapar gutlaýarys we olara bir ýylyň dowamynda wagtlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmeklerini arzuw edýäris. FLEX 2019-2020 maksatnamasynyň gatnaşyjylaryna hem üstünlik arzuw edýäris!