Magistratura derejesini ABŞ-da almak isleýänler barada maslahat

Magistratura derejesini ABŞ-da almak isleýänler barada maslahat!

Eger siz ABŞ-da Magistratura okuwyna resminamalaryňyzy tabşyrmakda gyzyklanýan bolsaňyz, sizi “ABŞ-da okuw” atly maksatnamasynyň maslahat sessiýalaryna çagyrýarys. Maslahat sessiýasynyň gruppasy Bakalawr derejesini alan we ABŞ-da okamana isleg bildirýän talyplara ABŞ-da Magistr dereje almak üçin gerekli endik almana hem taýarlamana ugrukdyrylan.

 Gatnaşyjylar her aý Bilim we Maslahat beriş Merkeziniň Maslahatçysy bilen duşuşyp dykgat bilen Magistr derejesini almak boýunça soraglary ara alyp maslahatlaşarlar:

  • ABŞ-daky okuw sistemasy: Magistr derejesi we resminamalaryň tabşyryş tertibi;
  • Magistr derejsini almak boýunça amatly amerikan ýokary okuw jaýyny gözlemek;
  • ABŞ-da amatly okuw maksatnamasyny saýlamak;
  • Amerikan standartlaşdyrylan TOEFL we GRE taýýarlanma;
  • Başga amerikan standartlaşdyrylan LSAT we GMAT ýaly testlar barada düşünje;
  • ABŞ-da Magistr derejesini stipendiýa arkaly okamak mümkinçilikleri;
  • Magistr derejesine tabşyrmagyň resminamalaryny toplamak we ş.m.

Talaplar:

  • Bakalawr derejesiniň barlygy;
  • ABŞ-a Magistr ýa-da Doktor maksatnamalarynda gyzyklanma;
  • Gowy Iňlis Dil bilimi;
  • Gowy bahalar;
  • Öran höwesli;
  • Topar sessiýalara gatnaşmagyň mümkinçiligi.

Toparda okalýanyň eşreti:

  • ABŞ-nyň ýokary okuw sistemasynyň gowy düşünjesi;
  • Düzme (Essaý) ýazmak endikleriň gowylandyrmagy;
  • GRE we TOEFL testlere çuňňur taýýarlama;
  • GRE we TOEFL praktiki test geçmek mümkinçiligi;
  • Mäliýe kömek we stipendiýa tabşyrmakda nebis;
  • Mäliýe kömel almagyň mümkinçiligi, testlaryň tölegi, resminamany doldyrmaklyk we bir ýyl sessiýa gatnanyňyzdan soňra ýol tölegleriň üpjünçiligi mümkindir;
  • Amerikan ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin, EducationUSA şahadatnama alyp, güýçli dalaşgär bolmak!

Registrasiýa etmek açin ýa-da sessiýalar barada doly maglumat üçin Bilim we maslahat beriş merkezine ýüz tutup bilersiňiz:

Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta:  eac@americancouncilstm.org