Graduate Record Examinations (GRE)

GRE (GRADUATE RECORD EXAMINATION)
Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça onlaýn bellige alyş mümkindir: www.ets.org/gre
General Testiň tölegi: 
 $205
Subject Testiň tölegi: 
 $150
Gijä galyp onlaýn belige alyş etmek üçin goşmaça töleg: $25

GRE General Testiňsenesi Hasaba alyş senesi Gijä galyp bellige alyş senesi
08-nji oktýabr,  2016 26-nji awgust, 2016 02-nji sentýabr, 2016
05-nji noýabr, 2016 23-nji sentýabr, 2016 30-nji sentýabr, 2016
04-nji fewral, 2017 23-nji dekabr, 2016 30-nji dekabr, 2016
GRE Subject  Testiňsenesi Hasaba alyş senesi Gijä galyp bellige alyş senesi
19-nji sentýabr,  2016 05-nji awgust, 2016 12-nji awgust, 2016
29-nji oktýabr,   2016 16-nji sentýabr, 2016 23-nji sentýabr, 2016
08-nji aprel, 2017 24-nji fewral, 2017 03-nji mart, 2017

 

GRE näme?
GRE (GraduateRecordExaminations) – bu amerikan YOJda magistratura we doktorantura programmalaryna girmek üçin talap edilýän hem-de testi tabşyrýanyň berlen programmalara bolan taýynlyk derejesini kesgitleýän standartlaşdyrylan test.

Testiň umumy dowamlylygy takmynan 3 sagat 45 minut. Synag indiki bölümlerden durýar:

Testiň görnüşi Bölümler Wagty Ballary
Analitiki ýazuw Esse

Esse

60 min 0-6
Werbal bölüm Bölüm 1

Bölüm 2

60 min 130-170
Matematiki bölüm Bölüm 1

Bölüm 2

70 min 130-170
Synag edilýän bölüm 30 ýa-da 35 min 0

GRE Subject Test näme?

GRE Subject Test(belli bir sapaklar boýunça testlar) testi tabşyrýanyň kesgitli sapak ugurlaryndan başarnygyny (üstünligini) kesgitleýär we bu sapaklardan bakalawr derejesinde uly bilimleri talap edýär.

Testlar ýedi sapak boýunça geçirilýär:

  • Biohimiýa
  • Biohimiýa
  • Sitologiýa
  • Molekulýar biologiýasy we genetika
  • Biologiýa
  • Öýjük we molekulýar biologiýasy
  • Beden biologiýasy
  • Ekologiýa we ewolýusiýa
  • Himiýa
  • Iňlis dilinde edebiýat
  • Matematika
  • Fizika
  • Psihologiýa
  • Synag edilýän psihologiýa
  • Sosial psihologiýasy

Degişlisapaklarboýunçataýýarlaýyşedebiýatyňgöçürmesiniwww.ets.org/gre/subject/preparesaýtynda mugt ýükläp bolýar. GRE Subject Tests boýunça ballar adatça, 200-den 990 aralygydaky şkala boýunça her dogry soraga 10 bal bermek bilen hasaplanylýar.

 

GRE synagyna nädip hasaba durmaly?

  1. http://www.ets.org/gre salgy boýunça geçiň
  2. Testa hasaba durmak” sahypasy açylar

  3. Sahypa geçmeli hem-de şol ýerde “hasabat ýazgysyny” (şahsy kabinet) dörediň

  4. Hasabat ýazgysyny döredeniňizden soňra boljak testa hasaba duruň

  5. Hasaba durmagyň soňky sahypasynda kredit kartanyň ((American Express®, Discover®, JCB®, Master Card® или Visa®) kömegi bilen tölegi amala aşyryň.

GRE Subject Tests ýylda üç gezek: sentýabrda, oktýabrda we aprelde geçirilýär.

GRE bahasy näçe?

GRE testiň bahasy hemme ýerde $195

Giçki hasaba durma üçin goşmaça töleg $25

Garaşma sanawy boýunça goşmaça töleg $50

GRE boýunça netijeleri nädip ibermeli?

Test boýunça netijeleriňizi uniwersitetlere we kollejlere mugt ibermek mümkinçiliginden peýdalanmak üçin siziň öz ýanyňyz bilen testa getirýän giriş petegiňiziň (Admission Ticket) yzky tarapynda olaryň kodlaryny görkezmeli. Uniwersitetleriň/kollejleriň 4 sanysyny mugtuna ýazmak rugsat edilýär.

Score Select®,saýlamalaryň üsti bilen, Siz saýlan okuw guramaňyza özüňiziň iň gowy netijäňizi görkezmek üçin haýsy test netijelerini ibermegi çözüp bilersiňiz.

Her bir amerikan okuw guramasynyň, şu web-saýtda aňsatlyk bilen tapyp bolýan, öz kody bar (faýly PDF formatda ýükläň ýa-da EAC koordinatorlaryndan haýyş ediň): http://www.ets.org/s/gre/pdf/gre_aidi_fellowships.pdf

Test tabşyrylandan soň, siz netijeler baradaky goşmaça hasabatlary bir alyjy üçin $27 möçberindäki töleg bilen zakaz edip bilersiňiz. Siz ahyrky ýa hemme netijeleri, ýa-da hasabat taryhyňyzda bolan islendik netijeleri iberip bilersiňiz.

GRE boýunça test tabşyrýanlar, şu salgyboýunça tapyp bolýan bölümleriň kodlaryny görkezmeli: http://www.ets.org/s/gre/pdf/dept_major_field_codes.pdf

Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta:  eac@americancouncilstm.org