US EMBASSY IN TURKMENISTAN INFORMATION RESOURCE CENTER

Möhüm maglumat:
Gurluşyk işleri sebäpli, MSM-e (IRC) Ýunus Emre köçesiniň gündogar tarapyndan barsaňyz gowy bolýar. Häzirki wagtda MSM-e Andalib (Mir) köçesiniň demirgazyk ýa-da günorta taraplaryndan, şeýle hem Ýunus Emre köçesiniň günbatar tarapyndan barmak mümkin däldir.  MSM-de boljak çärelere, duşuşyklara, ýa-da synaglara gatnaşjak müşderiler özlerine 30 minut goşmaça wagt goýyp öňünden gelmeklerini maslahat berýäris.  MSM gelmek üçin 5-10 minut pyýada ýorelýan ýodalardan ýöremeli bolmagyňyz hem  mümkin.

Maglumat we medeniýet bölüminiň bir bölegi bolan Maglumat serişdeler merkezi (MSM) çap we elektron görnüşindäki maglumat serişdelerinden peýdalanyp, maglumat gözlegini amala asyrýan we maslahat berýän merkezdir. Bu merkez häzirki zaman ABŞ-nyň içerki we daşarky syýasaty, ABŞ barada täzelikleri, Kongresiň kanunlary, söwda meseleleri, durmuş we medeniýete degişli maglumatlary tapyp almaga kömek etmäge ýöriteleşýär. MSM-iň işleýän wagty: Duşenbe – Anna günleri sagat 9:00-20:00; Arakesme: 13:00-14:00. Şenbegüni: 09:00-18:00 Arakesme: 12:00-13:00. MSM Türkmenistanyň we ABŞ-nyň döwlet baýramlar güni ýapykdyr.

Maglumat serişdeler baradaky doly maglumat almak üçin web sahypany görip bilersiňiz:

https://tm.usembassy.gov/education-culture/irc/

Salgymyz

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi,
Aşgabat şäheri, Türkmenistan 740000
Andalyp köçesi, 70 jaý
Işewürlik Merkezi, 3-nji gat
Tel.: (993-12) 47 35 03/06; Faks: 47 35 29
E-poçta: irc-ashgabat@state.gov

image_pdfimage_print