LSAT

LSAT (LAW SCHOOL ADMISSION TEST)
Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça
onlaýn bellige alyş mümkindir: www.lsac.org
Testiň tölegi: $175

Testleriň senesi Onlaýn bellige alyşyň möhleti
28-nji iýun, 2015 04-nji iýun, 2015
04-nji oktýabr, 2015 04-nji sentýabr, 2015
06-nji dekabr, 2015 06-nji noýabr, 2015
28-nji fewral, 2016 29-nji yanwar, 2016
26-nji iýun, 2016 27-nji may, 2016


LSAT näme?
LSAT ýa-da Law School Admission Test (Ýokary ýuridiki okuw jaýlary üçin giriş test synagy)- Law School Admission Council ýa-da LSAC (Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryna kabul ediş Geňeşi) tarapyndan kadalaşdyrylýan standartlaşdyrylan testdir. LSAT munuň özi ABŞ-nyň ýa-da Kanadanyň Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryna (mekdeplerine we uniwersitetlerine) girmek üçin zerur bolan giriş test synagydyr.

Ol gazanylan okaýyş we pikir ýöredişiň logikisözleýiş ukyplaryna baha bermek üçin işlenilip taýýarlanylan testdir. Test, kagyza ýazyp jogap bermek görnüşinde bütin dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen ýöriteleşdirilen merkezlerde ýylda dört gezek (fewral, iýun, oktýabr we dekabr) geçirilýär.

LSAT test synagy 5 bölümden (soraglara köp görnüşli saýlama jogaply) ybarat bolup, olaryň her biri 35 minut dowam edip, onuň umumy dowamlylygy 3 sagat 25 minutdyr.

Ol şu aşakdaky bölümlerden ybaratdyr:

  • Reading Comprehension (okalana düşünme) bu bölümiň soraglary Ýokary ýuridiki okuw jaýlarynda ulanylýan tekstleriň mazmuny boýunça birmeňzeş bolan bölegiň esasy pikirini kesgitläp bilmek (düşünmek) ukyplaryny ýüze çykarýar.

  • Analytical Reasoning (analitiki pikirlenme) dürli bölekleriň seljermesini şol sanda, adam, waka ýa-da goşmaça bölekler ýa-da bölekleriň arasyndaky aragatnaşyga baglylykda seljermäni geçirmegi talap edýär.

  • Logical Reasoning (logiki pikir ýöretme) synag edilýäniň logiki bilimine, delillendirme ukybyna we deňeşdirme ýörelgelerine baha berýän soraglary özünde jemleýär.

  • Experimental part (test synagynyň tejribe bölegi) synag edilýäniň okan tekstine düşünmegine gönükdirilen oýunlary, delilleri ýa-da tekstleri özünde jemleýär.

  • Essay or Writing Sample (düzme ýa-da ýazmaça delillendirmäniň nusgasy) jemleýji bölüm bolup, LSAC (Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryna kabul ediş Geňeşi) tarapyndan bahalandyrylman, ýazan hatyňyzyň nusgasynyň göçürmelerini tabşyrýan ähli ýuridiki okuwlaryňyza iberilýär.

Soragyň görnüşi

Bölüm

Soraglaryň sany

Wagty

Okaýyş ukyplary

1

27

35 min

Logiki pikir ýöretme

2

25

35 min

Analitiki pikirlenme

1

24

35 min

Tejribe bölegi

1

Üýtgeýär

35 min

LSAT haty

1

1

30 min

LSAT 120 baldan başlap, 180 balla çenli şkala boýunça bahalandyrylýar. Siz LSAT netijäňizi testi tabşyranyňyzdan takmynan üç hepde geçenden soňra elektron salgyňyzda alyp bilersiňiz. Bu usul LSAT netijäni almagyň iň tiz usuly bolup, goşmaça tölegi talap etmeýär.

Her bir testden soňra takmynan dört hepde geçenden soňra, LSAC edarasy test synagynyň netijeleri hakyndaky hasabaty adaty elektron salgy boýunça iberýär. LSAC. org saýtynda öz akkaunty bolanlar we Internetde onlaýn işleýiş tertibinde elýeter bolan akkauntyň gündelik maglumaty bilen kagyz görnüşindäki nusgany almak isleýänler bellenilen tölegi geçirmelidirler.

LSAT test synagyny tabşyrmak üçin bellige alyşy nähili amala aşyrmaly?

1. Siz http://www.lsac.org salga gireniňizde açylýan sahypada öz şahsy akkauntyňyzy döredip, öz şahsy maglumatyňyzy, akademiki ugruňyz baradaky maglumaty girizip, test tabşyrmak üçin merkezi hem-de test synagynyň senesini, şol sanda tabşyrmak isleýän ýuridiki okuwlaryň programmalaryny saýlap bilersiňiz.

2. Öz akkauntyňyzy döredeniňizden soňra, Register for LSAT düwmesine basyň:

3. Mundan soňra, açylan sahypada siz şu aşakdaky 5 bent boýunça jogap bermelisiňiz:

  • Location

  • Date & Center
  • Confirmation

  • Added to Cart

  • Checkout

4. Tölegiň görnüşi: Onlaýn işleýiş tertibinde bellige alyşda, LSAC şu aşakdaky kredit kartlary kabul edýär: VISA, MasterCard, AmericanExpress, DISCOVER.

LSAT-niň bahasy näçe?

LSAT test synagyny tabşyrmak we (bir) tölegsiz netijäni almak üçin 175 ABŞ dollaryny tölemeli. Mundan başga, ýuridiki okuwlaryň köpüsinde resminamalary tabşyrmak üçin, siziň Maglumatlary hasaba alyş gullugyna (Credential Assembly Service), 170 ABŞ dollary möçberindäki tölegi tölemegiňiz zerurdyr. Görkezilen iki sany baha esasy tölegler bolup, test synagyny tabşyrmak üçin hökmany tölenilmelidirler. Netijäniň goşmaça hasabaty üçin töleg her bir netije üçin 12 ABŞ dollaryna barabardyr. Gijä galyp bellige alynanda üçin goşmaça töleg 66 ABŞ dollaryna barabardyr.

Ýuridiki okuwlara netijeleri nähili ibermeli?

Siz öz netijeleriňizi ibermek üçin, LSAC öz saýlan Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryňyzyň sanawyny bermegiňizde zeryrlyk ýokdur. ABŞ-daky Ýokary ýuridiki okuw jaýlary üçin, siziň tabşyrmak isleýän kesgitli Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryňyz üçin LSDAS hasabatlaryň sanynyň tölegini tölemek ýeterlikdir. Resminamalaryňyzy tabşyranyňyzdan soňra, Ýokary ýuridikiokuw jaýlary özleri LSAC-dan gös-göni siziň netijeleriňiziň (LSDAS) hasabatyny soraýar. Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryna LSAT netijeleriniň gaýtadan hasabatynyň iberilendigi üçin goşmaça töleg göz öňüne tutulmaýar. Haçanda LSAC Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryndan talap hatyny alanlarynda, şol Ýokary ýuridiki okuw jaýy siziň bukjaňyza goşulýar we siziň netijäňiz belli bolanda degişli hasabaty alýar.

Şu aşakdaky salgy boýunça Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryny tapyp bilersiňiz:

http://www.lsac.org/LSAC.asp?url=lsac/law-school-links.asp

LSAT netijeleri haýsy döwrüň dowamynda hakykydyr?

LSAC test synagyny tabşyranyňyzdan soňra bäş ýylyň dowamynda siziň netijeleriňizi saklaýarlar. Eger-de siz testi birnäçe gezek tabşyran bolsaňyz, onda siziň ballaryňyz jemlenilýär we size ortaça ballyňyz şeýle hem, her test boýunça siziň alan ballaryňyz iberilýär.

Bäş ýyl geçenden soňra, LSAC siziň käbir köne netijeleriňizi ýok edýär. Mysal üçin, eger-de siz testi 2014-nji ýylyň aprelinde we dekabrynda tabşyrsaňyz, onda siziň netijeleriňiz diňe 2019-njy ýylyň aprel we dekabr aýlaryna çenli hakykydyrlar.

LSAT test synagyny näçe gezek tabşyryp bolýar?

Düzgün bolşy ýaly, siz iki ýylyň dowamynda test synagyny üç gezekden artyk tabşyryp bilmersiňiz. Bu tejribe siz öz ballaryňyzy ýatyrsaňyzda ýa-da siziň ballaryňyz näbelli sebäplere görä alynmasada ulanylýar.

LSAT test synagy barada goşmaça maglumaty we taýýarlyk materiallary Aşgabatdaky Bilim we Maslahat beriş merkezinde we Maglumat serişdeler merkezinde tapyp bilersiňiz.

Aşgabatdaky Bilim we Maslahat beriş merkezi testi tabşyryjynyň haýyşy boýunça LSAT test synagyny geçirip biler.

Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta:  eac@americancouncilstm.org