GATNAŞYJYLARYNY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANY BILEN GUTLAÝARYS!

Amerikan Geňeşleri Türkmenistanda geçirilen 2016-nji ýylyň Tomus Seminarynyň gatnaşyjylaryny doly bäş günlik intensiw seminary üstünlikli tamamlany bilen gutlaýarys. Şu Tomus Seminaryň bäş gün dowamynda gatnaşyjylar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna giriş resminamalary tabşyrmagyň  ähmiýetli maglumaty baraga gönükdirilip, iň bäsdeş dalaşgär boldylar.

Iýun aýynyň 29-nden Iýul aýynyň 31-ne çenli, gatnaşyjylaryň sany 53 ýetip, bäş günlik seminarda olar intensiw akademiki leksiýa geçip, ABŞ-nyň standartlaşdyrylan testler, ylmy taýdan işler barada maglumat aldylar, resminamalary ABŞ-nyň bäsdeş kollejlaryna we uniwersitetlaryna 2016-2017-nji ýylyň güýzinde tabşyrmagyň hakyky ugryna geldiler. 2016-nji ýylyň Tomus Seminary Bilim we Maslahat beriş merkezinde (Education USA center)  we Türkmenistanyň üç Amerikan Burçlarynda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda, şeýdip Türkmenistanyň bäş welaýatyndan, dördisinde SAW Seminar geçirildi.

2016-nji ýylyň Tomus Seminaryň okuw meýilnamasy ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrmagyň prosesi barada çuňňur düşünje, beýannamanyň strategiýasyny, wagtlar we talaplar, düzme (essay) ýazmak barada maslahat bermäne, anketany doldurmagy, stipendiýa almaklyk, stipendiýa mümkinçilikleri gözlemek üçin endikler we resurslar, şol sanda-da Prep4Success programma we diagnostiki giriş SAT we TOEFL synaglara ugrukdyrylan.

2016-nji ýylyň Tomus Seminary ABŞ-nyň kollejlary we uniwersitetlary bilen gyzyklanýan ähli müşderiler üçin açyk boldy. Ähli gatnaşyjylar ýazan düzmeleri we tabşyran TOEFL we SAT testleriniň esasynda, hem-de  ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrjakdygynyň hyjuwlylygy esasynda saýlandy.

2016-nji ýyl Tomus Seminarynyň gatnaşyjylaryny ýene-de bir sapar gutlaýarys we olara ABŞ-nyň kollejlaryna we uniwersitetlaryna resminama tabşyrmakda gazanan endikler bilen ABŞ-da ýokary bilim almak maksadynda ähli üstinlikler arzuw eedýäris.


image_pdfimage_print

2016-nji ýylyň TOMUS SEMINARY

Eger-de siz ABŞ-nyň kollejlaryna ýa-da uniwersitetlaryna resminama tabşyrmak bilen gyzyklanýan bolsaňyz, biz sizi kolledjlara girmeklige bagyşlanan U.S. Summer Admissions Workshop 2016 Tomus Seminaryň taýýarlaýjy sessiýasyna gatnaşmaga garaşýarys.

Şu bäş günlik intensiw tomus sessiýasy sizi ABŞ-da ýokary bilim almak üçin resminamany üstünlik bilen tabşyrmana has peýdaly endik bilen üpjün edýär.

Amerikan ýokary bilim sistemasy we ABŞ-da bilim mümkinçilikleri barada bilmek isleseňiz, biziň ABŞ-da ýokary bilim barada Tomus Seminaryna goşulyň!

Seminaryň geçiriljek wagtlary: 2016-nji ýylyň iýul aýynyň 11-den 15-na çenli
– Resminamany şu taýdan ýükläp bilersiňiz
– Broşýurany görmek üçin

Talaplar:
• ABŞ-nyň okuw jaýlaryna (kollej, uniwersitet) resminama tabşyrmak sebäpli uly höweslilik
• gowy iňlis dili endikleri (iňlis dil bilimiňiz test arkaly barlanar!)
• bäş günlik seminaryň tertipli gatnamak
• positiw garaýyş

Nähili bellige alynýar?
1. Bellige alyş spisogyna 2016-nji ýylyň iýun aýynyň 22-na çenli ýazylyň
2. Iňlis dili testinden geçiň 26 nji iýun, 2016 ý.
3. Gatnaşyjy boluň

Bellige alynmak üçin we Tomus Seminary barada giňişleýin maglumat almak isleseňiz Bilim we maslahat beriş merkezinde (Education USA Advising Center) şu salgy boýunça gelip alyp bilersiňiz:

Aşgabat ş., Türkmenistan
Görogly köç. -48 А, 3-nji gat
Тel.(+99312) 36-90-16/21/22 (içerki.116, 106)
Elektron salgysy: eac@americancouncilstm.org

image_pdfimage_print

FLEX 2016-17 NETIJELERI!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2016-2017 ýyllar ýeňijileriň sanawyny yglan etmäne buýsanýar.

Ýeňijieriň sanawy
FINALISTS
Student Last Name Student First Name Student Middle Name City/School #
1 Abdurasulova Banu Atabekovna Dashoguz school # 24
2 Aitgeldiyeva Guljemal Ahmedovna Dashoguz school # 25
3 Ashyrova Yazjemal Allanazarovna Anev school # 16
4 Bayramdurdiyeva Shanaz Suleymanovna Turkmenbashy school # 5
5 Gara Dashly Altyn Nurmammedovna Ashgabat school # 43
6 Gayipov Serdar Ashyrmyradovich Mary school # 6
7 Gurdova Jennet Hemrayevna Balkanabat school # 3
8 Jepbarova Guljemal Bashimovna Bayramali school # 7
9 Jorayeva Munira Maksimovna Turkmenabat school # 29
10 Kurbanova Enayy Alymshanovna Turkmenabat school # 30
11 Matyakubova Yulduz Alymbayevna Dashoguz school # 11
12 Mengeliyeva Dilafruz Shukrullayevna Dashoguz school # 11
13 Nurmamedov Eziz Nurmamedovich Mary school # 20
14 Palvanova Merjen Bayramkulyyevna Ashgabat school # 60
15 Saparova Lyale Chariyevna Mary school # 16
16 Selimov Burhannadin Said Ogly Turkmenabat school # 11
17 Starov Nikita Andeevich Ashgabat school # 2
18 Tolegova Enejan Bayramovna Turkmenabat school # 29
19 Ulakina Darya Pavlovna Turkmenbashy school # 14
20 Veliyeva Bibihatija Yegenmuradovna Balkanabat school # 3
Altenatiw ýeňijileriň sanawy
ALTERNATES
1 Akopyan Margarita Kamoevna Balkanabat school # 15
2 Arzimanova Nikole Rolandovna Turkmenbashy school # 14
3 Bazarov Azim Rustamovich Bayramali school # 2
4 Ilmuradova Selbi Serdarovna Turkmenabat school # 29
5 Lukashova Taisiya Andreevna Ashgabat school # 27
6 Muradov Kervenmurat Orazmuradovich Ashgabat school # 20
7 Rozmetova Alsu Ahmedjahovna Dashoguz school # 10

FLEX maksatnamasy Türkmenistanyň çäginde örän meşhur maksatnamalaryň biridir. Sebäbi,  Türkmenistanyň bäş welaýatynyň, dürli şäherleriniň ýedisinde ýerleşýän synag merkezlerimizde geçirilen synaglara orta mekdep okuwçylarynyň jemi 914-i gatnaşdy.

FLEX maksatnamasy öran bäsleşikli maksatnama, çünki Garward Uniwersitetiniň giriş synaglaryna gatnaşýanlaryň 5,2  göterimi kabul edilýän bolsa, şu ýyl Türkmenistan boýunça FLEX maksatnamasynyň synaglaryna gatnaşanlaryň diňe 2,2 göterimi kabul edildi. Geljek ýyllarda, FLEXmaksatnamasyna kabul ediljek Türkmenistanly zehinli ýaşlaryň, Amerika-da Türkmenistany iň gowy tarapdan tanatmaklary üçin sanlaryny köpeltmegi hem maksat edinýäris.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2016-2017 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär.

FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär.  ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we maýyp okuwçylar üçin açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 220-den gowurak maýyp okuwçy gatnaşyp, şolaryň 4-i Türkmenistandan.

Indiki  2017-2018 ýyllar aralygynda geçiriljek FLEX maksatnamasy 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi arkaly tassyklanandan soňra başlar.  Mekdep okuwçylary, mugallymlary we ene-atalar bäsleşik barada doly maglumaty, talaplary hem-de maýyp çagalar üçin ýörite test mümkinçilikleri barada 2016-njy ýylyň awgust aýynda biziň web-sahypamyzdan ýa-da ýakyn Amerikan merkezlerinden alyp bilerler.

Ýeňijileri ýene—de bir sapar gutlaýarys we olara bir ýylyň dowamynda wagtlaryny gyzykly hem-de täsinli geçirmeklerini arzuw edýäris. FLEX 2017-2018 maksatnamasynyň gatnaşyjylaryna hem üstünlik arzuw edýäris!

image_pdfimage_print