HALKARA BILIM HEPDESI 2020 (IEW)


Halkara Bilim Hepdesiniň (International Education Week) 21 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyga gatnaşyp halkara bilimiň artykmaçlygy we bütin dünýäde pikir alyşmak barada ýyllyk Halkara Bilim hepdesine goşulşyň. Bir maksada ugrukdurylan köp ýörite bilim çykyşlary, pikir alyşmak çäreleri bolar. Sizi hünärmenlik bilim mümkinçilikleri we şol ugurdan öz ara Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyk mümkinçilikleri bilen tanyş ederler.

Haçan: 2020-nji ýylyň 16-20-nji noýabry
Nirede: Zoom onlaýn üsti bilen
Nädip: Hepdelik çäreleriň dowamynda saýlan hemme sesiýalaryňyza gatnaşmak üçin bir gezek registrasiýa ediň.
Registrasiýa çykgydy: http://bit.ly/EdUSA_IEW2020

———————————————
DOWNLOAD FLYER

Mary Amerikan Burçunyň FLEX maksatnamanyň 2020 Uçurumlaryna gurnap beren Hoş Geldiňiz duşuşygy

Mary şäherindaki Amerikan Burçy FLEX maksatnamasynyň 2020 Uçurumlaryna, 2020 FLEX maksatnamanyň finalistleri bilen Hoş Geldiňiz duşuşuguny gurnap berdi.

Bangladeşyń we Polşanyń Amerikan burçlary bilen bilelikdäki Zoom sessiýasy

18-nji sentýabrda, Türkmenabat Amerikan burçunyň (TAB) Welkili Leýla Jumaýewa we Çärelerini Gurnaýan Koordinatory Akgül Rozyýewa, Bangladeşiň Amerikan burçunyň müdiri, Rooma Dass we Polşanyň Katowice şäherindäki Amerikanyň burçunyň kitaphanaçysy Agnieszka Asenkowiç bilen bilelikde “Iňlis dilini öwrenmegiň täsirli ýollary we munuň üçin peýdaly çeşmeler ” atly ilkinji göni ýaýlym Sessiýany Zoom platformasyny ulanyp geçirdiler.

Bu sessiýa iňlis dilini öwrenmek boýunça möhüm maglumatlary öz içine alyp, her çykyş edijiniň çykyşy onyň şahsy tejribesi, usullary we maslahatlary bilen jemlenildi. Gatnaşyjylar iňlis dilini öwrenmeklik we dört esasy endigi, ýagny: diňleýiş, gürleýiş, okaýyş we ýazyş endiklerini ösdürmek üçin peýdaly bolan onlaýn çeşmeler bilen tanyşdyryldylar. Gatnaşyjylaryň çykyş edijilerden alan esasy maslahatlarynyň biri hem, iňlis dilini öwrenmekde täsirli netijelere ýetmek üçin SMART maksatlaryny kesgitlemegiň ähmiýetlilgi boldy.

Sessiýa diňleýjilerden oňyn seslenme almany başardy we mundan beýläk hem Türkmenabatdaky Amerikan Burçunyň işgärleri TAB-nyň umumy maksatlaryna ýetmek üçin wirtual sessiýalary geçirmekligi dowam etdirerler. Geljekki wirtual sessiýalarymyz barada has giňişleýin maglumat almak üçin TAB-nyň resmi IMO akkauntyna (+993 63 96 85 79 belgisi arkaly) goşulyň.