Deslapky ädim: Geljekki käriňizi saýlaň

 

Deslapky ädim: Geljekki käriňizi saýlaň

EducationUSA guramasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bilim mümkinçilikleri barada diňe barlanan, anyk we döwrebap maglumatlary hödürleýär. EducationUSA  sahypasynda ilkinji ädim boýunça maglumat ýerleşdirilen, ol Siziň bilim maksatlaryňyza laýyklykda “Mümkinçilikleriňizi öwrenmekden” ybarat, ýagny onda kollej, uniwersitet, aspirantura, iňlis dili okuwlary, gysgamöhletli ýa-da onlaýn okuwlary baradaky maglumatlary öz içine alýar.

EducationUSA Aşgabatdaky bilim-maslahat beriş merkezi öz gezeginde geljekki käriňizi saýlap almakda ýardam berip biljek tanyşmak üçin maglumatlary hödürleýär.

 BigFuture onlaýn resursyndan öz gözlegiňizi tapyň.

Özüňizi we daş-töwerekdäki kär almak mümkinçiliklerini has giňişleýin öwrenmek üçin BigFuture açyk onlaýn resursyny ulanyň. Uly bolmadyk makalalar we dürli görnüşli şahsyýet synaglary görnüşinde goşmaça maglumat Siziň şahsy häsiýetleriňize we islegleriňize laýyk geljek kär mümkinçilikleri barada has köp maglumat alyp bilersiňiz. Şeýle hem link to https://bigfuture.collegeboard.org/majors-careers resursa has içgin garaň – ol size amerikan uniwersitetlerinde kärler we ugurlar boýunça goşmaça maglumat almaga kömek eder.

Kärler ýarmarkasyna baryp görüň.  

Kärler ýarmarkasyna baryp görüň, ol ýerde çagyrylan tanyşdyryjylar öz käreleri barada Size gürrüň bererler. EducationUSA bilim-maslahat beriş merkezi Habar beriş-resurs merkezi (IRS) bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda isleg bildirilýän hünär ulgamlary barada has jikme-jik maglumat almaga kömek bererler.

Ýaňy-ýakynda 2015-nji ýylyň martynda guralan şoňa meňzeş waka öz hünärlerini we kärlerini saýlamakda toplan tejribeleri bilen paýlaşan görnükli tanyşdyryjylaryň çykyşlary bilen bellendi. Şu ugurlar teklip edildi: halkara gatnaşyklary, iňlis dili, elektrik inženerçiligi, antropologiýa, döwlet dolandyryşy, taryh fakulteti we işewürligi dolandyryş.

Biz geljekde şeýle çäreleriň gaýtalanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys, şonuň üçin tertibimize syn ediň!

EducationUSA kitaphanasynyň elýeter resurslaryna ýüz tutuň

Biziň Aşgabat şäherindäki Bilim-maslahat beriş merkezine  baryp görüň we bilim almak maksady üçin internetdäki kitaphanadan we tölegsiz ygtyýarlykdan peýdalanyň. Biziň kitaphanamyz Siziň häzirki “kär syýahatyňyzda” gerekli bolan şu kitap neşirleri bar:

  • How To Choose A College Major,L.Andrews, 2006
  • Planning Your Future: Planning your future: resources on careers and higher education,S.Fallgatter, S.K.Fox, C.M.Henderson, L.G.Hutton, 1995
  • The Everything Career Tests Book: 10 tests to determine the right occupation for you,B.Llewellyn, R.Holt, 2007

Köpçülikleýin açylan onlaýn okuwlary arkaly goşmaça bilim alyň.

Öz dünýägaraýşyňyzy giňeltmek we dürli göwrebap ylmy ugurlarda inženerçilik, daşky gurşawy goramak, robot enjamlary we programma düzmek, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary, kompýuter ylmy we beýleki birnäçe ugurlar boýunça başlangyç endikleri almak üçin örän gowy onlaýn resursa – köpçülikleýin onlaýn okuwlara (Massive Open Online courses – МООСs diýip atlandyrylýan) serediň (MOOS barada has giňişleýin maglumaty  alyp bilersiňiz.

Okamak üçin şu ajaýyp onlaýn platformalary ulanyň:  EdX, Coursera, Udacity, we beýlekilere salgylanyp, Amerikanyň Garward, Prinston Massaçuset tehnologiýa instituty, Kolumbiýa uniwersiteti, Stenford we beýleki  ýaly esasy uniwersitetleriniň we kollejleriniň teklip eden okamagyň wirtual tejribesini alyp bilersiňiz.

Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta:  eac@americancouncilstm.org
image_pdfimage_print