Maksatnama resminamalary (1) 🔔

Amerikan Geňeşleri ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek boýunça Prep 4 Success maksatnamada gatnaşmana çagyrýar.

Ýüz tutmak üçin sonky gün 19– njy ýanwar 2020 ý.

Download  application (Spring-2020)

Siz mekdebi gutardyňyzmy? TOEFL testyndan gowy bal almakda kynçylyk çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesi bolan akademiki okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? Amerikanyň ýokary okuw jaýyna ýüz tutmak üçin nähili düzme ýazmalydygy barada soraglaryňyz barmy?

Amerikan Geňeşlikleri, Türkmenistanyň raýatlaryny Prep4Success maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

• Dowamlylygy 18 hepde (4 gün hepdede) taýarlyk kursy

Bu kurslar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmek üçin gerekli bolan TOEFL/SAT synaglaryna/ Akademiki okuw we ýazuwa ýokary derejedäki taýarlykdan ybarat. Tejribeli Maslahatçylar sizi ýokary derejeli kitaplaryň we usullaryň üsti bilen görkezilen ugurlar boýunça gönükdirerler.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:
1) Orta mekdebi tamamlan;
2) Bakalawr derejesini almadyk;
3) Türkmenistanyň we daşary ýurdyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik (hünär okuwyny gutaranlar gatnaşyp bilýär);
4) Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän;
5) ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna we kollejlerine girmäge we okamaga bolan uly höwes we gyzyklanma bildirýän;
6) Kynçylyklara taýar bolmaly!

Anketa bukjasy:
Ähli resminamalar HÖKMAN elektron poçta arkaly ugradylmaly.
• Prep4Success maksatnamasynyň anketasy doldurylan we düzme PDF formatda bolmaly (forma görkezilen);
• Orta mekdep okuw ýetişigi;
• Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir Hödürnama haty;
• Resume;
• Türkmen pasport nusgasy;
• Golaýda düşürilen pasport ölçegdäki surat;

Ähli resminamalar DIŇE associatep4s@americancouncilstm.org poçtasyna 2020-nji ýylyň Ýanwar aýynyň 15-i sagat 17:30-a çenli ugradylmaly.
Doly maglumat almak üçin 36-90-16/21 (goşmaça 113).

Diňe anketany dolulygyna dolduran dalaşgärler synaga çagyrylar.