SAT

SAT (SCHOLASTIC ASSESSMENT TEST)
Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça onlaýn bellige alyş mümkindir:
www.collegeboard.org
SAT Test üçin töleg $ 94

SAT with essay Test üçin töleg  $106

Gijä galyp onlaýn belige alyş etmek üçin goşmaça töleg: $28

Testleriň senesi Hasaba alyş senesi Gijä galyp bellige alyş senesi
01-nji oktýabr, 2016 01-nji sentýabr, 2016 20-nji sentýabr, 2016
05-nji noýabr, 2016 07-nji oktýabr, 2016 25-nji oktýabr, 2016
03-nji dekabr, 2016 03-nji noýabr, 2016 22-nji noýabr, 2016
21-nji ýanwar, 2017 21-nji dekabr, 2016 10-nji ýanwar, 2017
06-nji may, 2017 07-nji aprel, 2017 25-nji aprel, 2017
03-nji iýun, 2017 09-nji may, 2017 24-nji may, 2017


T
äzelenen SATyň netijeleri synagdan 6 hepde geçenson aýdylar.

SAT test netijeleriniň çykyan wagtyny şu salgy boýunçaöwrenip bilersiniz

https://collegereadiness.collegeboard.org/sat/scores/getting-scores

SAT I näme?
SAT («Scholastic Aptitude Test» ýa-da «Scholastic Assessment Test», bilim alyp bilmek ukybyň test barlagy) Reasoning Test (pikir etmäniň umumy ukyplarynyň barlag testi) – bu ABŞ-daky ýokary okuw jaýlaryna we kolejlere girmek üçin zerur bolan, bütin dünýäde kabul edilýän standartlaşdyrylan test synagy. Bu test siziň bilimiňize we ukyplaryňyza olary tejribede ulanmaga baha bermegiň ölçegi bolup durýar. Bu test okap bilmek, ýazyp bilmek ukyplaryňyza we matematikadaky esasy bilimiňize we mekdep döwründe öwrenen beýleki predmetlerdäki bilimiňize baha berýär. Talyplaryň köpüsi orta mekdebiň kiçi we uly synplarynda okan döwürlerinde SAT boýunça test synaglaryny tabşyrýarlar we ABŞ-daky uniwersitetleriň we kolejleriň ählisi diýen ýaly giriş synaglarynyň bir görnüşi hökmünde SAT testini ulanýarlar.

Üýtgedilen SAT testi iki bölümden ybarat:

  • Okamak we ýazmak ukyplary
  • Matematika

Üýtgedilen SAT testiniň esasy özgertmeleriniň biri düzme  (essay), sebäbi düzme  ýazmak hökman däl. Bu bolsa, düzmäni indi öz islegiňize görä ýa-da siziň okamak isleýän okuw jaýynyň talabyna görä ýazmaly.

Ondan başga-da siziň düzmäňiziň baly SAT testiňiziň soňky balyna goşulmaýar; ýöne aýratyn aýdylar.  Düzmede 2 bilen 8-iň arasynda üç bal alyp bilyar: bir bal okamak ukyby üçin, bir bal analiz üçin we ýene bir bal ýazuw üçin.  Ähli kategoriýalar üçin iň pes bal 2 hasaplanylýar, 8 bolsa iň uly bal.

SAT testi adatça 3 sagatdan (düzme üçin +50 minutdan )ybarat bolup, 400 baldan 1600 bal şkalasy boýunça baha berilýär.

Testiň görnüşi Soraglaryň sany Dowamlylygy Ballar
Okamak ukyplary 52 65 min. 200-800
Ýazuw ve dil ukyplary 44 35 min. 200-800
Matematika 58 80 min 200-800
Düzme 1 50 min. 2-8


SAT II näme (Subje
ct Tests)?

SAT II (Subject Tests, takyk predmetler boýunça synag testi)talyplara aýratyn predmetleriň çygrynda gazanan üstünliklerini görkezmek we koleje resminamalary kabul ediş döwründe aýratyn tapawutlanmak maksady bilen özleriniň islendik predmeti saýlap almaklary üçin mümkinçilik döredýär.

SAT II (Subject Tests) şu aşakdaky dersleri öz içine alýar:

  • Edebiýat
  • ABŞ-nyň taryhy
  • Dünýä taryhy
  • Matematika I we II dereje
  • Biologiýa
  • Himiýa
  • Fizika
  • Diller (diňlemek) fransuz dili, nemes dili, ispan dili, döwrebap iwrit,italýan dili, latyn dili, hytaý dili we ýapon dili.

SAT test synagyny tabşyrmak üçin bellige alyş?

  1. Şu salgy boýunça giriň http://sat.collegeboard.org/home
  2. “REGISTER” (bellige al)düwmesini basyň.
  3. Mundan soňra sahypada test synagynyň senesini saýlap alyň ” INTERNATIONAL TEST DATES” (test synagynyň halkara seneleri)
  4. Soňra “INTERNATIONAL SAT REGISTRATION” sahypada test synagynyň degişli senesini saýlap alyň we “REGISTER NOW” (häzir bellige al) düwmä basyň.
  5. “REGISTER NOW” sahypada şu aşakdaky maglumatlary berip anketany doldurmaly:
  • doly ady
  • doglan senesi
  • bilimi (orta mekdep)
  • poçta salgysy
  1. Mundan soňra anketada özüň barada maglumaty görkezmek zerurdyr:

Siziň ene-ataňyz barada maglumat, biýlän beýleki dilleriňiz, mekdepdäki ortaça bahaňyz (ballyňyz), dersler we ugurlar, siziň raýatlygyňyz, girmek isleýän kolejleriňiz, orta mekdepde geçen kurslaryňyz (dersleriňiz), siziň meşgul bolýan işiňiz, gatnaşan sport çäreleriňiz.

  1. Mundan soňra, testiň görnüşini, senesini we testiň geçiriljek merkezini saýlap alyň. Türkmenistanda test synagyndan geçmek üçin ACCELS(Görogly 48A, 2-nji gat Aşgabat, Türkmenistan) saýlap alyň.
  2. Soňra bank kartanyň (VISA, Master Card we ş.m) kömegi bilen onlaýn tölegini geçirmek arkaly test üçin tölemek zerurdyr.

TESTIŇ GEÇIRILÝÄN SENELERI

SAT Reasoning Tests ABŞ-da azyndan ýylda ýedi gezek we halkara derejesinde alty gezek ýagny, oktýabr, noýabr, dekabr, ýanwar, mart aýlarynda geçirilýär.

SAT tölegi näçe?

SAT testiniň bahasy şular boýunça hasaplanylýar: test üçin töleg we welaýatlar boýunça goşmaça tölegler*.

Testiň görnüşi Goşmaça töleg *Bellige alyşyň ýerli tölegi Umumy bahasy
SAT $45 $49.00 $94
SAT with essay $57 $49.00 $106


SAT boýunça öz netijeleriňizi nähili ibermeli?

SAT bellige alyş döwründe öz netijeleriňi uniwersitete ýa-da koleje mugt ibermek hyzmatyndan peýdalanyp bolar, munuň üçin olaryň kodyny görkezmek zerurdyr.

Eger-de siz öz ballaryňyzy dörtden köp ýokary okuw jaýyna ýa-da bellige alyş möhletinden ozal ibermek isleseňiz, onda siz netijäňiziň her bir soňraky iberilmesi üçin11,25$ töleg tölemelisiňiz.

Ballary saýlamak (Score Choice) Size (SAT testiň ýa-da SAT Subject testiniň senesine laýyklykda) ýokary okuw jaýynyň kolejlere haýsy ballary iberjekdigiňizi saýlamaga mümkinçilik berýär.

Emma Siz Score Choice saýlamany ulanmazlyga karar berseňiz, onda siziň ähli ballaryňyz görkezilen kolejlere iberiler.*

* Gynanmaň, çünki kolejleriň ählisi talyplaryň netijeleriniň sanawyndan has üstünliklisine baha berýär.

ACT we SAT testleriň arasyndaky nähili aratapawut bar?

ACT – bu test synagy alynýanyň (talybyň) mekdepde alan bilimine (üstünliklerine, ukyplaryna) baha berýär. SAT – butalybyň analiti pikirlenme ukybyny şol sanda, sözleýiş ukybyny açyp görkeziji test synagy bolup durýar.

Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-15/16/21/22 (goş.116)
E-poçta:  eac@americancouncilstm.org

image_pdfimage_print