Category Archives: C5 + O.N.E.

C5+O.N.E. maksatnamasy altynjy tapgyryny açyp, Merkezi Aziýa boýunça ykdysadyýet bilen bagly iňlis dilini öwretmegiň gerimini artdyrýar

2026-njy ýylyň 9-njy iýuly – Şu gün C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy öz ýedinji toparyny resmi taýdan işe girizdi we Merkezi Aziýanyň dürli künjeginden 400-den gowrak döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we metbugatyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri (American Councils for International Education) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama sebit boýunça iňlis dili başarnygyny güýçlendirip, has çuň integrasiýany goldamak, hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksadyna hyzmat edýär.

7-nji toparyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan bolup, oba hojalygy, bank işi we maliýe, maglumat tehnologiýalary, telekeçilik hem-de energetika ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndan gelýärler. Olar “Ykdysadyýet üçin iňlis dili” boýunça okaýarlar, amerikan hünärmenleri bilen aragatnaşyk gurýarlar we Merkezi Aziýa boýunça hem-de ABŞ-daky kärdeşleri bilen hünär gatnaşyklarynyň ulgamyny döredýärler. Şeýle-de gatnaşyjylar eýýäm bu maksatnamany üstünlikli tamamlan 2200-den gowrak hünärmenden ybarat bolan uçurymlaryň sanawyna goşularlar.

Continue reading C5+O.N.E. maksatnamasy altynjy tapgyryny açyp, Merkezi Aziýa boýunça ykdysadyýet bilen bagly iňlis dilini öwretmegiň gerimini artdyrýar

C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy gatnaşyjydan ybarat bolan 5-nji toparyň gutardyş dabarasyny dabaraly ýagdaýda belledi.

2026-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçirilen C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy 55 gatnaşyjydan ybarat bolan 5-nji toparyň gutardyş dabarasyny dabaraly ýagdaýda belledi. Bu çäre dokuz aý dowam eden ýokary derejeli hünär iňlis dili okuwy, amaly öwreniş mümkinçilikleri hem-de dürli pudaklar arasynda hyzmatdaşlyk torlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Çärä ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Jemgyýetçilik diplomatiýasy we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Sara Rojers, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de ABŞ-nyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň işgärleri ýaly abraýly myhmanlar gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Sara Rojers iňlis diliniň aragatnaşyk, hünär taýdan ösüş we halkara gatnaşyklary berkitmek babatda güýçli serişde bolup hyzmat edýändigini belläp geçdi. Şeýle hem ol onuň täze mümkinçilikleri döretmekde we dürli medeniýetleri hem-de serhetleri baglanyşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady.

“ABŞ-nyň iň güýçli taraplarynyň biri –alyş-çalyş maksatnamalary we stipendiýa taslamalary üçin iň ökde adamlary saýlap almakdyr. Biz tarapyndan saýlanan gatnaşjylar, ýagny siz, köplenç uly üstünliklere ýetýärler. Şonuň üçin alyş-çalyş ediň, aragatnaşygyňyzy giňeldiň we şu gün goşulan bu toruň işjeň agzalary bolup galmagyňyzy dowam etdiriň. Çünki iňlis dili sizi diňe şu otagdaky adamlar bilen çäklenmän, eýsem kompaniýalar, amerikalylar hem-de dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlar bilen hem baglanyşdyrar.”

Continue reading C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy gatnaşyjydan ybarat bolan 5-nji toparyň gutardyş dabarasyny dabaraly ýagdaýda belledi.

C5+O.N.E. maksatnamasy altynjy tapgyryny açyp, Merkezi Aziýa boýunça ykdysadyýet bilen bagly iňlis dilini öwretmegiň gerimini artdyrýar

2026-njy ýylyň 2-nji apreli — C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy öz altynjy toparyny resmi taýdan işe girizdi we Merkezi Aziýanyň dürli künjeginden 500-den gowrak döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we metbugatyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri (American Councils for International Education) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama sebit boýunça iňlis dili başarnygyny güýçlendirip, has çuň integrasiýany goldamak, hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksadyna hyzmat edýär

6-njy toparyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan bolup, oba hojalygy, bank işi we maliýe, maglumat tehnologiýalary, telekeçilik hem-de energetika ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndan gelýärler. Olar “Ykdysadyýet üçin iňlis dili” boýunça okaýarlar, amerikan hünärmenleri bilen aragatnaşyk gurýarlar we Merkezi Aziýa boýunça hem-de ABŞ-daky kärdeşleri bilen hünär gatnaşyklarynyň ulgamyny döredýärler. Şeýle-de gatnaşyjylar eýýäm bu maksatnamany üstünlikli tamamlan 1200-den gowrak hünärmenden ybarat bolan uçurymlaryň sanawyna goşularlar.

Continue reading C5+O.N.E. maksatnamasy altynjy tapgyryny açyp, Merkezi Aziýa boýunça ykdysadyýet bilen bagly iňlis dilini öwretmegiň gerimini artdyrýar