Category Archives: Program applications

(English) PREP4SUCCESS STUDENT PROGRAM ACCEPTING APPLICATIONS IN DASHOGUZ, LEBAP AND MARY REGIONS

Türkmenistandaky Amerikan Geňeşleri Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze Prep4Success Maksatnamasyna arzalary kabul edýär. Maksatnama 14 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp biler. Okuw meýilnamasy TOEFL synagyna taýýarlyk, akademiki okuw we ýazuw, matematika we hünär derejesini ýokarlandyrmak çärelerini öz içine alýar. Sekiz aýlyk maksatnama ýekşenbe günleri dowam eder we Daşoguz, Mary we Türkmenabat Amerikan burçlarynda geçirilýär.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýänler:

• Türkmenistanyň raýaty
• 14-18 ýaş aralygynda
• Mekdepdäki ýetişigi gowy bolan
• Orta we ýokary derejede Iňlis dilini bilýän
• 8 aýlyk maksatnama gatnaşmaga höwesli

Anketa bukjasy: Ähli resminamalar elektron poçta arkaly ugradylmaly.

• Doldurylan Prep4Success maksatnamasynyň arzasy PDF formatda;
• Mekdep okuw ýetişigi (soňky iki okuw ýyly üçin);
• Iňlis dilinde ýazylan we gol çekilen bir Hödürnama haty;
• Rezýume;
• Dogluş hakkynda şahadatnama ýada içerki pasportynyň nusgasy;

Ähli resminamalar 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 11-e sagat 17:00-a çenli degişli elektron poçta ugradylmaly.

• Lebap welaýaty – bchariyeva@educationusa.org
• Daşoguz welaýaty – gsaryyeva@educationusa.org
• Mary welaýaty – gamandurdyyeva@educationusa.org

Doly maglumat almak üçin aşakdaky belgiler arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

• Lebap welaýaty +993422- 3 37 71
• Daşoguz welaýaty +993322-2 41 03
• Mary welaýaty +993522 – 4 71 75

Educationusa Competitive College Club Maksatnamasy Anketalary Kabul Edip Başlady

“EducationUSA Competitive College Club” – bu ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna ýazylmak isleýän, 9-12-nji synplarda okaýan, işjeň we maksadaokgunly orta mekdep okuwçylary üçin maksatnamadyr. Maksatnama gatnaşmaklyk mugtdyr, ýöne biz 100% gatnaşmaklygy, 100% höwesjeňligi we 100% inisiatiwany talap edýäris.

Maksatnama güýçli saýlaw esasynda tapawutlanýandyr.

Oňa näme girýär:

1. Saýlawlaryňyzy gözlemek: giriş prosesi barada doly gollanman (kollej ýa-da universitet gözlemek, Common App anketasyny doldurmak we ş.m).
2. Okuwyňyzy maliýeleşdirmek: maliýe kömeginiň görnüşlerine, ygtyýarlyklaryna, talaplaryna we möhletlerine düşünmek, maksatnamaň agzalary we ene-atalary üçin maliýe kömegi blankasyny (CSS Profile) doldurmak barada çykyş.
3. Anketany doldurmak: Goşmaça we tapawutly düzme ýazmak we gözden geçirme kömegi, Common App Activities List üçin iň gowy strategiýalar, we ýazmak boýunça maslahatlar.
4. Indiwidual maslahatlar.

Maksatnamanyň dowamlylygy: 10 – 12 aý

Maksatnamanyň formaty: ýüzbe-ýüz we onlaýn (ZOOM arkaly)

Saýlaw prosesi:
· Blankany dolduryň,
· iňlis we matematika derslerinden test tabşyryň,
· söhbetdeşlik geçiriň.

Arza bermegiň soňky möhleti: 2025-nji ýylyň 9-njy fewraly