FLEX GLOBAL bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat

Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri, 2026-2027-nji okuw ýyly üçin, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin niýetlenen «FLEX Global» maksatnamasynyň 2027-2028-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Maksatnama ýeňijilere, okuw ýylynyň dowamynda meýletin kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berýän talyp hakyny berýär. Maksatnamanyň esasy maksady Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasynda özara düşünişmegi ösdürmekden ybaratdyr. Gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli harajatlary maksatnama dolulygyna öz üstüne alýar.

“FLEX” maksatnamasynyň synaglaryna aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli orta mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler:

  • 2010-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-den, 2012-nji ýylyň iýul aýynyň 15-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
  • Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we mekdepdäki ýetişigi gowy bolan;
  • Iňlis dilini öňden öwrenip gelýän we iňlis dili bilimini hasaba alyş döwründe görkezen;
  • ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
  • Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hökmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasyny (asyl nusgasyny ýa-da pasportyny), ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, gara ruçka we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmeli.

 Bäsleşik merkezlerine gelen ähli okuwçylar özlerini tertipli we sylaşykly alyp barmalydyrlar, okuwçy görkezilen düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýynda, «FLEX» maksatnamasynyň bäsleşiginden çykarlyp bilner. Test merkezlerinde öýjükli telefonlary ýa-da beýleki elektronik enjamlaryny ulanmak gadagan edilýär.


Synaglaryň tertibi

 

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri

 

Güni

 

Wagty

 

Mekdebi

Mary, Mary welaýaty 3-nji ýanwar, 2027 9:00 Mekdep № 19, Mary ş.
Türkmenabat, Lebap welaýaty 5-nji ýanwar, 2027 9:00 Mekdep № 2, Türkmenabat ş.
Daşoguz, Daşoguz welaýaty  7-nji ýanwar, 2027 9:00 Mekdep № 4, Daşoguz ş.
Balkanabat, Balkan welaýaty  9-njy ýanwar, 2027 9:00 Mekdep № 3, Balkanabat ş.
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty  10-njy ýanwar, 2027 9:00 Mekdep № 10, Türkmenbaşy ş.
Aşgabat we Ahal welaýaty  11-nji ýanwar, 2027 9:00 Мekdep № 20, Aşgabat ş.

*Öz şäherinde maksatnama gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX Global» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Okuwçylara bäsleşigiň 1-nji tapgyryna, ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.

FLEX Global maglumat almak üçin:
Elektron poçta:
Tel.: +(993 63) 50-20-36


Please contact American Councils for further information:
tel.(+99363) 50-20-36
https://americancouncilstm.org/flexglobal/

FLEX is a program of the U.S. Department of State with funding provided by the U.S. Government, administered by
American Councils for International Education.