26-27-nji maýda sebitleýin iňlis dili C5 + O.N.E (Iňlis diliniň üsti bilen tanyşlyklary açmak) maksatnamasynyň 4-nji tapgyry Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda başlandy. Bu maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosy tarapyndan hemaýatkärlik edilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşleri tarapyndan durmuşa geçirilýär. C5 + O.N.E. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň başlangyç karýeraly hem-de tejribeli hünärmenlerini bir ýerde birleşdirýär.
Maksatnama, iňlis dilini öwrenmek we aragatnaşyk arkaly Merkezi Aziýada sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Bu ýyl maksatnama ykdysady ösüşe gönükdirilendir. Gatnaşyjylara döwlet edaralarynyň, hususy pudagyň we telekeçilik däl guramalaryň wekilleri girýär. Sapaklar maksatnama gatnaşyjylaryň hemmesine mugt esasda alnyp barylýar.
Türkmenistanda sekiz okuw toparyny döredilip, 120-den gowrak adam bu maksatnama goşuldy. Umuman alanyňda, 30 guramadan türkmen wekilleri gatnaşýarlar we bu bolsa maksatnamanyň köp pudakly häsiýetini görkezýär. Dil sapaklaryndan başga-da, C5 + O.N.E. milli we sebitleýin seminarlary we konferensiýalary öz
içine alýar. Bu çäreler gatnaşyjylara işewür tanyşlyklary gurmaga, täze maglumatlary we mümkinçilikleri almaga we sebitdäki we ABŞ-daky ýaş hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň arasynda dowam edýän hyzmatdaşlygy goldamaga kömek edýär.
Dördünji tapgyryň Aşgabatda işe başlamagy, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşiklere, bilim alyşmaga we hyzmatdaşlyga umumy ygrarlylygy görkezýär.