Biz, Sizi 2021-nji ýylyň Mart aýynyň 20-nde ABŞ – nyň kollejleri bilen ilkinji gezek geçiriljek “EducationUSA” onlaýn sergisine gatnaşmaga çagyrýarys! Bu onlaýn sergi siziň üçin, ABŞ-da bakalawr (hünärmen) derejesini almak we iňlis dili programmalaryny hödürleýän akkreditlenen ABŞ-nyň kollejleri bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir we bu maglumatlary öý şertlerinde onlaýn usulda öwrenip bilersiňiz!
ABŞ-nyň kollejleri bilen onlaýn bilim sergisiniň esasy mümkinçilikleri:
- Sizi gyzyklandyrýan soraglary göniden-göni ABŞ-nyň kollejleriniň wekillerinden sorap bilersiňiz.
- Sergi geçirilýän wagtynda, ABŞ-nyň hemme gatnaşýan kollejlerinden iň täze broşýuralary we olaryň hödürleýän kurslary barada maglumat alyp bilersiňiz.
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga isleg bildirýän bolsaňyz, Size dogry we doly maglumatlary berýän ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň maslahat merkezleriniň ulgamy bolup durýan EducationUSA maslahatçylary bilen pikir alyşyp bilersiňiz. Biz Amerikada ýokary bilim barada resmi maglumatlaryň çeşmesi bolup durýarys!
- ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyp, programmalar, kabul ediş prosesi, stipendiýa mümkinçilikleri, synaglaryň geçirilişi we başgalar barada iň täze maglumatlary alyp bilersiňiz.
- Anketa tabşyrmak, kabul edilişik we başga-da dürli ugurlar boýunça peýdaly we gyzykly sapaklara gatnaşyp bilersiňiz.
Sene we wagt: Mart 20,2021
Gatnaşmak üçin şu çykgyda giriň: https://acfairs.easyvirtualfair.com/prefair/