KÖPLENÇ BERILÝÄN SORAGLAR

ABŞ-da bilim almak meseleleri boýunça maslahatçy Siziň Amerikada ýokary bilim almak şeýle hem, ABŞ-daky uniwersitetlere we kolejlere anketalary tabşyrmagyň tertibi baradaky soraglaryňyza jogap bermäge elmydama taýýar.

Biz şu aşakda Siziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bilim almak üçin syýahatyňyza kömek edip biljek, köplenç berilýän soraglaryň we olaryň jogaplarynyň sanawyny ýerleşdirdik.

1. ABŞ-nyň uniwersitetlerine we kolejlerine resminamalaryny tabşyrmaga kimiň hukugy bar?

Ýokary bilim almak üçin orta mekdepleriň uçurumlary öz resminamalaryny tabşyrmaga hukuklydyrlar (2 ýyllyk doly däl ýokary bilim ýa-da 4 ýyllyk doly ýokary bilim Sungatyň hünärmeni (bakalawry) ýa-da Ylymlaryň hünärmeni (bakalawry) ). Bakalawr derejeleri bolan talyplar Magistr derejesini almak üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler.

2. Meniň ABŞ gitmezimden ozal iňlis dilini gowy bilmegiň hökmanmy?

Iňlis dilinde ýazuw we gepleşik ukyplary kämilleşdirilen bolmalydyr. Siziň kurs işleriňiz ýeterlik derejede agyr bolar we iňlis dilini goşmaça öwrenmek üçin Siziň wagtyňyz bolmaz. Amerikanyň iň gowy uniwersitetleri we kolejleri “Iňlis dili daşary ýurt dili hökmünde test barlagy” (TOEFL) boýunça ýokary ballary talap edýärler. Şeýle hem, käbir uniwersitetler SAT test synagynyň üstünlikli tabşyrylmagyny talap edýärler.

3. Bu gymmatmy? Maňa näçe pul serişdesi gerek bolar?

Hawa, adatça ABŞ-da ýokary bilim almak gymmatdyr. Döwlet uniwersitetlerine synaglar tabşyrylanda olardan geçmek we maliýe kömegini almak örän kyndyr. Emma, hususy uniwersitetler has jomartdyrlar we aýratyn gazanylan akademiki üstünligi üçin maliýe kömegini berýär. Şol sebäpli, tölemäge mümkinçiligiňiz bolmadyk uniwersitetlere resminama tabşyrmagyňyzyň öňüni almak üçin, Siz öz gözlegiňiziň başynda akademiki ýyl üçin talap edilýän töleg bilen tanyş bolmalysyňyz.

4. Uniwersiteti nähili saýlamaly?

Ýokary okuw jaýyny saýlamazdan ozal, Siz öz gelejeki hünäriňizi kesgitlemelisiňiz, öz maşgalaňyzyň maliýe mümkinçiliklerine we beýleki elýeter serişdelere dogry baha bermelisiňiz şeýle hem, öz kär meýilnamaňyzy oýlanşykly seljermelisiňiz.

5. ABŞ-nyň Ýokary okuw jaýlaryna resminamalary haçan tabşyryp başlamaly?

Ir! Siz azyndan uniwersitete okuwa başlamazdan 12 aý oňünden ýokara okuw jaýa resminamalaryňyzy tabşyrmaga taýýarlyk işlerine başlamalysyňyz.

6. Wizanyň haýsy görnüşini almaly?

ABŞ-da ýokara bilim almak isleýän, Birleşen Ştatlaryň raýaty bolup durmaýan raýatlaryň köpüsi (emmigrantlar üçin däl) F-1 talyp wizany alýarlar. Has giňişleýin maglumaty http://turkmenistan.usembassy.gov saýtda serediň.

7. Men ABŞ-da bilim almak barada goşmaça maglumaty nireden alyp bilerin?

Bilim we maslahat beriş merkezi
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan

Tel.: +(993 12) 36-90-16 / 36-90-21

EducationUSA – Ashgabat 

Monday to Friday (10:00-17:00) except lunch time (13:00-14:00)
Phone: +99363502036

For all EducationUSA inquires:
E-mail: Ashgabat@educationusa.org

American Corner in Dashoguz
Tel./Fax: 993-322-60773
E-mail: acdashoguz@americancouncilstm.org
http://americancornerstm.org/

American Corner in Turkmenabad
Tel./Fax: 993-422-33771
E-mail: acturkmenabat@americancouncilstm.org http://americancornerstm.org/

American Corner in Mary
Tel./Fax: 993-522-73865 or 73979
E-mail: acmary@americancouncilstm.org
http://americancornerstm.org/