FLEX bäsleşigi 2025-2026 barada maglumat


2025-2026 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy okuw ýyly üçin 2024-2025-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine maksatanama kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga talyp hakyny berýär, bu bolsa ABŞ-nyň we Türkmen halkynyň özara düşünişmekligini ösdürmäge ýardam eder. «FLEX» maksatnamasynyň talyp haky gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli maksatnama dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem hökmany ýagdaýda bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

«FLEX» maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli ýokary synp mekdep okuwçylary üçin açykdyr:
2007-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2009-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
• Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we mekdepdäki ýetişigi gowy bolan;
• Iňlis dilini öňden öwrenip gelýän we iňlis dili bilimini hasaba alyş döwründe görkezen;
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
• Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka we synaglara hökman mekdep lybasynda gelmeli.


Synaglaryň rejesi

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri Güni Wagty Mekdebi
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 13-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 10, Türkmenbaşy ş.
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 20-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 2, Daşoguz ş.
Mary, Mary welaýaty 27-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 19, Mary ş.
Balkanabat, Balkan welaýaty 3- nji noýabr, 2024 09:00 Mekdep № 3,Balkanabat ş.
Türkmenabat, Lebap welaýaty 10-njy noýabr, 2024 09:00 Mekdep № 2, Türkmenabat ş.
Aşgabat, Ahal welaýaty 17-nji noýabr, 2024 09:00 Мekdep № 20, Aşgabat ş.

*Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Okuwçylar bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.

Goşmaça maglumat üçin
Amerikan Geňeşliklerine ýüz tutyp bilersiňiz:
tel. (+99312) 36-90-22; (+99363) 50-20-36
https://americancouncilstm.org/flex/


“FLEX” ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri tarapyndan geçirilýär.