2014-nji ýylyň güýzinde ABŞ-nyň Bilim baradaky Maslahat merkezi we Halkara bilim meseleleri boýunça Amerikan geňeşi halkara derejesinde meşhur çäre bolan her ýylda geçirilýän Bilim ýarmarka we Halkara Bilim hepdeligine gatnaşdylar. Şu ýyl Halkara bilim hepdeliginiň şanly 15 ýyllygy bellenilip, onuň bilen baglylykda özbaşdak bilim almak meseleleri barada köp sanly gyzykly prezentasiýalary gurnadyk, tegelek stollary, oýunlary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýokary bilim almaga höweslendirmäge gönükdirilen beýleki çäreleri geçirdik.
Halkara Bilim hepdeliginde görkezilen ähli prezentasiýalar we gurnalan jedelli maslahatlar (diskussiýa) şu ýerde PDF görnüşde aňsatlyk bilen ýüklenilip bilner:
Bilim we maslahat beriş merkezi (EAC) ABŞ-da bilim almagyň mümkinçilikleri barada açyk we mugt maglumatyň çeşmesi bolup, amerikanyň kolejlerine we uniwersitetlerine girmek üçin zerur bolan TOEFL, LSAT, SAT we GPE ýaly standartlaşdyrylan testler baradaky maglumatlary berýär.
ABŞ-da bilim almak meseleleri boýunça maslahatçy Türkmenistandaky dalaşgärlere dürli derejeler şol sanda, bakalawr, magistr we doktor derejeleri barada maglumat berýär we amerikanyň ýokary okuw jaýlaryna tabşyrmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamakda ýardam berýär.
Bilim we Maslahat beriş merkezi (EAC) şahsy maslahat berişi we toparlaýyn maslahat berişleri hödürleýär; iňlis dilindäki köp dürli kitaby bolan kitaphanasy bar; anketalary we giriş resminamalary, üstünlikli tabşyrmaga, standartlaşdyrylan testlerden geçmäge şeýle hem, amerikan uniwersitetlerinden we kolejlerinden maliýe kömegini almaga gönükdirilen seminarlary, prezentasiýalary we dürli çäreleri hödürleýär.
EAC kitaphanasy akademiki maksatlar üçin Internet toryndan jemgyýetiň mudsuz peýdalanmagynyhödürleýär we ol ýerde amerikan ýokary okuw jaýlarynyň broşuralary we kataloglary şol sanda, programmalaryň we kurslaryň umumy mazmuny, kabul edişiň umumy talaplary we giriş resminamalary tabşyrmagyň tertibi baradaky maglumatlar ýerleşdirilendir. Mundan başga, EAC kitaphanasynda talyp hakyny (stipendiýalary) almak, standartlaşdyrylan testlere taýýarlyk görmek, düzme ýazmak, şahsy maglumaty (rezume) taýýarlamak we akademiki bilim almanyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak ýaly maglumatlar bar.
Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Contact Program Assistant to sign-up for library hours or consultations:
For all EducationUSA inquires: E-mail: Cell: +99363502036
Bilim we maslahat beriş merkezinde maslahat almak üçin kabul ediş günler:
Duşenbe – Penşenbe 10:00-17:00
Anna – 10:00-15:00
Arakesme: 13:00 – 14:00
Bilim we Maslahat beriş Merkeziniň Maslahatçysy bilen ýörite duşuşyk isleýän bolsaňyz, jaň edip ýa-da elektron hat ýazmagyňyzy haýyş edýäris, şonuň ýaly köprak maglumat almak üçin biziň her aýlyk kalendarymyzda biziň geçirilýän çärelerimizi we maslahatlaşma sessiýalaryny görip bilersiňiz.
Aşgabat şäherindäki Görogly köçesi 48A jaý ofisimyza geliň.
Türkmenabat Amerikan Burçy American Burçynyň Wekili: Akgul Rozyyeva Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Anna Kostryakova Salgysy: Garaşsyz Diýar (Puşkin) köçesi-33, Şatlyk öyiniň 3-nji gaty, Türkmenabat şäheri, Türkmenistan 746100 Tel/faks: 993-422-33771 E-poçta:
Daşoguz Amerikan Burçy Amerikan Burçynyň Wekili: Malika Ismailowa Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Albina Batyrova Salgysy: Daşoguz şäheri, Şagadam köçesi 6, Türkmenistan 746300 Tel/faks: 993-322-29259 E-poçta:
Mary Amerikan Burçy Amerikan Burçynyň Wekili: Oguljeren Tirkishova Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Akmaya Seyidova Salgysy: Mary şäheri, Agzybirlik köçesi – 42A, Türkmenistan 745400 Tel/faks: 993-522-73865/73979 E-poçta: