Category Archives: News

C5+O.N.E. maksatnamasynyň 5-nji toparynyň Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi, Türkmenistanda hünär hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasynyň 5-nji topary üçin, Aşgabat şäherinde Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi (National Networking event) geçirildi. Bu çärä toparyň gatnaşyjylaryny, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerini hem-de maksatnamanyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan takmynan 50-ä golaý adam gatnaşdy. Çäre amaly öwrenişe, hünär alyş-çalyşyna we aragatnaşyk gurmaga bagyşlandy.


Çäre, ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet bölüminiň attaşesi Daniel Riffle-iň gutlag sözleri bilen açyldy, soňra maksatnamanyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyş edenler iňlis dili boýunça maksatnamalaryň hünär mümkinçiliklerini güýçlendirmekde, dürli pudaklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň umumy ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürmekde möhüm strategiki ähmiýetini bellediler. Şeýle hem C5+O.N.E. maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynyň giň pudaklary, hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşygyň berk esaslary we ABŞ-nyň 250 ýyllyk baýramçylygynyň möhüm möhüm tapgyry barada bellenilip geçildi, bu bolsa hyzmatdaşlygyň dowamly esaslaryny we özara gatnaşyklaryň berkligini görkezýär.

Continue reading C5+O.N.E. maksatnamasynyň 5-nji toparynyň Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi, Türkmenistanda hünär hyzmatdaşlygyny ösdürýär

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat


2026-2027 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2026-2027-njy okuw ýyly üçin 2025-2026-nji ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi barada habar berýär. Bäsleşigiň ýeňijilerine maksatanama kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we Amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga talyp hakyny berýär, bu bolsa ABŞ-nyň we Türkmen halkynyň özara düşünişmekligini ösdürmäge ýardam eder. «FLEX» maksatnamasynyň talyp haky gitmek-gelmek we ABŞ-da ýaşamak bilen bagly bolan ähli maksatnama dolulygyna öz üstüne alýar. Fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar hem hökmany ýagdaýda bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

«FLEX» maksatnamasynyň bäsleşigi aşakdaky talaplara laýyk gelýän ähli ýokary synp mekdep okuwçylary üçin açykdyr:

2009-njy ýylyň ýanwar aýynyň 1-den, 2010-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
• Häzirki wagtda orta mekdepde okaýan we mekdepdäki ýetişigi gowy bolan;
• Iňlis dilini öňden öwrenip gelýän we iňlis dili bilimini hasaba alyş döwründe görkezen;
• Soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
• ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
• Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka we synaglara hökman mekdep lybasynda gelmeli.


Synaglaryň rejesi

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri Güni Wagty Mekdebi
Mary, Mary welaýaty 4-nji ýanwar, 2026 09:00 Mekdep № 19, Mary ş.
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 6-njy ýanwar, 2026 09:00 Mekdep № 4, Daşoguz ş.
Türkmenabat, Lebap welaýaty 8-nji ýanwar, 2026 09:00 Mekdep № 2, Türkmenabat ş.
Balkanabat we Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 10-njy ýanwar, 2026 09:00 Mekdep № 3,Balkanabat ş.
Aşgabat, Ahal welaýaty 11-nji ýanwar, 2026 09:00 Мekdep № 20, Aşgabat ş.

*Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler. Okuwçylar bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.

Goşmaça maglumat üçin
Amerikan Geňeşliklerine ýüz tutyp bilersiňiz:
tel. (+99312) 36-90-22; (+99363) 50-20-36
https://americancouncilstm.org/flex/

“FLEX” ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri tarapyndan geçirilýär.