
Sapaklardan daşary goşmaça çäreleriniň çäklerinde C5+O.N.E. maksatnamasynyň 4-nji we 5-nji toparlarynyň gatnaşyjylary Aşgabadyň Iş Nokady bilelikde işlemek ( koworkiň) merkezine sapar etdiler we muňa jemi 22 gatnaşyjy gatnaşdy. Tejribe arkaly öwrenmek mümkinçilikleri maksatnamanyň esasy bölegi bolup, bu hünär derejesindäki iňlis dili, biznes we ýolbaşçylyk boýunça okuwlaryny, Türkmenistanyň ösýän telekeçilik ekoulgamyndaky hakyky mysallar bilen baglanyşdyrýar.
Saparyň dowamynda Iş Nokadynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jemiliýa Kerimowa çykyş edip, öz telekeçilik ýoluny paýlaşdy — ilkinji taslamasyny taýýarlamagyndan başlap, Türkmenistanda ilkinji bilelikde işlemek (koworkiň) merkezini döretmegini we soňra başlangyjyny sebitiň beýleki ýurtlaryna, şol sanda Türkiýä, Gyrgyzystana, Gürjüstana we Özbegistana çenli giňeltmäge çenli öz telekeçilik ýoluny gürrüň berdi. Onuň çykyşy gatnaşyjylara, innowasion pikirleriň nädip durnukly işewürlige öwrülip biljekdigi barada amaly garaýyş hödürledi
Iş Nokady telekeçilere, frilanserlere, startap esaslandyryjylaryna we IT hünärmenlerine doly enjamlaşdyrylan iş ýerlerini, ses geçirmeýän duşuşyk otaglaryny, hyzmatdaşlyk meýdançalaryny, biznes serişdelerini hem-de yzygiderli okuw maksatnamalaryny hödürleýän innowasion iş gurşawydyr. Şeýle hem, gurama yzygiderli iş başarnyklaryny güýçlendirmäge we işjeň iş jemgyýetini ösdürmäge gönükdirilen iş çärelerini, seminarlary we okuw maslahatlaryny geçirýär.
Okuwy berkitmek maksady bilen, duşuşyk, çykyş esasynda taýýarlanan interaktiw sorag-jogap bilen jemlendi we iň işjeň gatnaşyjylara Iş Nokadynyň Aşgabatdaky döredijilik meýdançalaryna, şol sanda Iş Nokady, Art Nokady we Business Nokady-a baryp görmek üçin talonlar berildi.
“Bu sapar, gatnaşyjylaryň telekeçilik baradaky düşünjelerini pugtalandyrdy we iş üstünliklerinde innowasiýanyň, durnuklylygyň hem-de jemgyýetçilik gurluşynyň möhümdigini görkezdi. Ýerli iş ýolbaşçysy bilen göni aragatnaşyk gurmak arkaly, gatnaşyjylar hünär iňlis dili başarnyklaryny ösdürdiler, häzirki zaman iş gurşawlary baradaky düşünjelerini giňeltdiler we öz kär hem-de telekeçilik maksatlaryna ýetmek üçin ylham aldylar,”
diýip, Kemal Babaýew aýtdy.
C5+O.N.E. maksatnamasy, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri tarapyndan durmuşa geçirilýär. Maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynda iňlis dili başarnyklaryny we hünär endiklerini ösdürmek arkaly sebitleýin integrasiýany ösdürmäge hem-de ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen maksatnamadyr.





