C5+O.N.E. maksatnamasynyň 5-nji toparynyň Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi, Türkmenistanda hünär hyzmatdaşlygyny ösdürýär

2026-njy ýylyň 21-nji fewralynda C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasynyň 5-nji topary üçin, Aşgabat şäherinde Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi (National Networking event) geçirildi. Bu çärä toparyň gatnaşyjylaryny, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekillerini hem-de maksatnamanyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan takmynan 50-ä golaý adam gatnaşdy. Çäre amaly öwrenişe, hünär alyş-çalyşyna we aragatnaşyk gurmaga bagyşlandy.


Çäre, ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeniýet bölüminiň attaşesi Daniel Riffle-iň gutlag sözleri bilen açyldy, soňra maksatnamanyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyş edenler iňlis dili boýunça maksatnamalaryň hünär mümkinçiliklerini güýçlendirmekde, dürli pudaklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň umumy ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürmekde möhüm strategiki ähmiýetini bellediler. Şeýle hem C5+O.N.E. maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynyň giň pudaklary, hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşygyň berk esaslary we ABŞ-nyň 250 ýyllyk baýramçylygynyň möhüm möhüm tapgyry barada bellenilip geçildi, bu bolsa hyzmatdaşlygyň dowamly esaslaryny we özara gatnaşyklaryň berkligini görkezýär.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar iňlis dilini ösdürmegiň amaly hünär ulanylyşyna gönükdirilen interaktiw we başarnyk ösdüriji sapaklara gatnaşdylar. Gurnalan Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi gatnaşyjylara öz hünär tejribelerini tanyşdyrmaga, umumy gyzyklanmalary tapmaga we manyly hünär gatnaşyklaryny döretmäge has hem höweslendirdi. Bilelikdäki mysal boýunça pikir alyşmak sessiýasy toparlara hakyky dünýädäki ýagdaýlary seljermäge we amaly, bazara gönükdirilen çözgütleri işläp düzmäge mümkinçilik berdi. Toparlaýyn tanyşdyryşlaryň dowamynda ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri we maksatnamanyň bilermenleri gatnaşyjylaryň pikirlerini diňlediler we olaryň seljermelerini ykdysady we syýasat çarçuwalary bilen baglanyşdyryp, analitiki pikirlenmegi, jemgyýetçilik öňünde çykyş etmek we strategik aragatnaşyk başarnyklaryny güýçlendirip, pikirlerini paýlaşdylar. Bu amaly görnüş dil tejribesiniň hünär durmuşyndaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolmagyny üpjün etdi.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar dürli pudaklaryň arasynda gatnaşyklary berkitdiler, hünär torlaryny giňeltdiler we iňlis dilini ýokary derejeli hünär ýagdaýlarynda ulanmak tejribesini artdyrdylar. Milli Tanyşlyk we hyzmatdaşlyk gurmak çäresi dowamly hyzmatdaşlygy güýçlendirip, gatnaşyjylaryň ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň arasynda uzak möhletli ykdysady hyzmatdaşlyga we halklaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge goşant goşmaga taýýarlygyny artdyrdy.

C5+O.N.E. maksatnamasy, ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri tarapyndan durmuşa geçirilýär. Maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynda iňlis dili başarnyklaryny we hünär endiklerini ösdürmek arkaly sebitleýin integrasiýany ösdürmäge hem-de ABŞ bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen maksatnamadyr.