Category Archives: American Corners

Bangladeşyń we Polşanyń Amerikan burçlary bilen bilelikdäki Zoom sessiýasy

18-nji sentýabrda, Türkmenabat Amerikan burçunyň (TAB) Welkili Leýla Jumaýewa we Çärelerini Gurnaýan Koordinatory Akgül Rozyýewa, Bangladeşiň Amerikan burçunyň müdiri, Rooma Dass we Polşanyň Katowice şäherindäki Amerikanyň burçunyň kitaphanaçysy Agnieszka Asenkowiç bilen bilelikde “Iňlis dilini öwrenmegiň täsirli ýollary we munuň üçin peýdaly çeşmeler ” atly ilkinji göni ýaýlym Sessiýany Zoom platformasyny ulanyp geçirdiler.

Bu sessiýa iňlis dilini öwrenmek boýunça möhüm maglumatlary öz içine alyp, her çykyş edijiniň çykyşy onyň şahsy tejribesi, usullary we maslahatlary bilen jemlenildi. Gatnaşyjylar iňlis dilini öwrenmeklik we dört esasy endigi, ýagny: diňleýiş, gürleýiş, okaýyş we ýazyş endiklerini ösdürmek üçin peýdaly bolan onlaýn çeşmeler bilen tanyşdyryldylar. Gatnaşyjylaryň çykyş edijilerden alan esasy maslahatlarynyň biri hem, iňlis dilini öwrenmekde täsirli netijelere ýetmek üçin SMART maksatlaryny kesgitlemegiň ähmiýetlilgi boldy.

Sessiýa diňleýjilerden oňyn seslenme almany başardy we mundan beýläk hem Türkmenabatdaky Amerikan Burçunyň işgärleri TAB-nyň umumy maksatlaryna ýetmek üçin wirtual sessiýalary geçirmekligi dowam etdirerler. Geljekki wirtual sessiýalarymyz barada has giňişleýin maglumat almak üçin TAB-nyň resmi IMO akkauntyna (+993 63 96 85 79 belgisi arkaly) goşulyň.

Türkmenistandaky Amerikan Burçlary

Türkmenabat Amerikan Burçy
American Burçynyň Wekili: Akgul Rozyyeva
Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Anna Kostryakova
Salgysy: Garaşsyz Diýar (Puşkin) köçesi-33, Şatlyk öyiniň 3-nji gaty, Türkmenabat şäheri, Türkmenistan 746100
Tel/faks: 993-422-33771
E-poçta:


Daşoguz Amerikan Burçy
Amerikan Burçynyň Wekili: Malika Ismailowa
Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Albina Batyrova
Salgysy: Daşoguz şäheri, Şagadam köçesi 6, Türkmenistan 746300
Tel/faks: 993-322-29259
E-poçta:


Mary Amerikan Burçy
Amerikan Burçynyň Wekili: Oguljeren Tirkishova
Amerikan Burçynyň Çärelerini Gurnaýan Koordinatory: Akmaya Seyidova
Salgysy: Mary şäheri, Agzybirlik köçesi – 42A, Türkmenistan 745400
Tel/faks: 993-522-73865/73979
E-poçta: