Category Archives: C5 + O.N.E.

C5+O.N.E. maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň Türkmenistandaky, ABŞ-nyň Global Brendi bolan Coca-Cola Zawodyna sapary

2026-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda, C5+O.N.E. maksatnamasynyň çäginde, maksatnamanyň 5-nji toparynyň gatnaşyjylary Aşgabatda ýerleşýän Coca-Cola önümçilik meýdançasyna iş saparyny ýerine ýetirdiler. Maksatnamanyň çäginde geçirilýän saparlar okuwlaryň möhüm bölegi bolup, iňlis dilini, işewürlik we ykdysady düşünjeleriň sapaklarda öwrenilmegini we olaryň çuňňur özara iş tejribesi bilen baglanyşdyrýar.

Coca-Cola, ABŞ-da döredilen global brend bolup, 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň ýerli bazarynda resmi wekili hökmünde iş alyp barýar. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar kompaniýanyň ýurtdaky taryhy, guramaçylyk gurluşy we ýerli bazardaky roly bilen tanyşdylar. Bu, Amerikan kompaniýalarynyň global standartlaryny sebit şertlerine görä nähili uýgunlaşdyrýandyklaryny görkezýän aýdyň görkezijidir.

Continue reading C5+O.N.E. maksatnamasynyň gatnaşyjylarynyň Türkmenistandaky, ABŞ-nyň Global Brendi bolan Coca-Cola Zawodyna sapary →

Iňlis dilini öwrenmek arkaly sebitleýin hyzmatdaşlyk: C5 + O.N.E. maksatnamasynyň 4-nji tapgyry Aşgabatda başlandy

26-27-nji maýda sebitleýin iňlis dili C5 + O.N.E (Iňlis diliniň üsti bilen tanyşlyklary açmak) maksatnamasynyň 4-nji tapgyry Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda başlandy. Bu maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri býurosy tarapyndan hemaýatkärlik edilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşleri tarapyndan durmuşa geçirilýär. C5 + O.N.E. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň başlangyç karýeraly hem-de tejribeli hünärmenlerini bir ýerde birleşdirýär.

Continue reading Iňlis dilini öwrenmek arkaly sebitleýin hyzmatdaşlyk: C5 + O.N.E. maksatnamasynyň 4-nji tapgyry Aşgabatda başlandy →

C5 +ONE (Opening Networks Through English) maksatnamasy Türkmenistanda

Türkmenistandaky Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri hökümetde, jemgyýetçilik guramalarynda we hususy kärhanalarda energiýa we daşky gurşaw pudaklarynda zähmet çekýän başlangyç we orta derejeli işgärlere niýetlenen C5 + ONE maksatnamasyny işe girizdi.

Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisinde (Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan) Amerikan Geňeşlikleriniň edaralary tarapyndan dolandyrylýar. Maksatnama gatnaşýan hünärmenler, hepdelik çäreleriň, milli we sebitleýin seminarlaryň, webinarlaryň we ekskursiýalaryň üsti bilen Iňlis dilinde diňlemek, okamak, ýazmak we gürlemek endiklerini ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik alarlar.

Şeýle hem bu maksatnama, professional gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli maglumatlara we mümkinçiliklere eýe bolmaga we hünär başarnyklaryny berkitmäge mümkinçilik döreder. C5 + ONE maksatnamasy diňe her gatnaşyjy ýurtdaky ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan hödürlenen edaralar üçin açykdyr.