Category Archives: EdUSA

“EducationUSA Türkmenistan Mümkinçilik Gaznalary” uçurymynyň wirtual gutardyş dabarasy

EducationUSA Türkmenistan Mümkinçilik Gaznalarynyň uçurymy, Zarina Dawletowa Kanzasdaky Garden City Community kolleji gutardy we 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda 100-nji açylyş dabarasynyň wirtual gutardyşyna gatnaşdy.

Mundan başga-da, Zarina gutardyş dabarasynyň spikeri hökmünde saýlandy we akademiki ussatlygy we jemgyýetçilik hyzmatyna adatdan daşary ygrarlylygy sebäpli 2020-nji ýyl synpynyň tapawutlanan zenan uçurymy hökmünde yglan edildi.
Ol Associate of Science (iki ýyl okuwdan soň berlen diplom) derejesini aldy we programmany 4.0 GPA bilen tamamlady. Okuw döwründe Zarina, köp sanly talyp klub guramasynyň agzasy bolmak bilen öz liderligini görkezdi we kollejiň toplumlaýyn okuw merkezinde ýaşaýyş durmuşy boýunça geňeşçi, matematika we ykdysadyýet mugallymy bolup işledi.

Mundan başga-da, ol ştatyň beýleki 50 alymlary bilen birlikde PTK All-Kanzas akademiki topary diýip atlandyryldy.

Häzirki wagtda Zarina matematika we ykdysadyýet hünäri boýunça bakalawr derejesini almak üçin Missisipi ştatynyň uniwersitetine geçýär.

Wirtual açylyş dabarasyny we Zarinanyň çykyşyny görmek üçin baglanyşyga girmegiňizi haýyş edýäris: https://youtu.be/b_vt6oB12wY

BILIM WE MASLAHAT BERIŞ MERKEZI

Bilim we maslahat beriş merkezi (EAC) ABŞ-da bilim almagyň mümkinçilikleri barada açyk we mugt maglumatyň çeşmesi bolup, amerikanyň kolejlerine we uniwersitetlerine girmek üçin zerur bolan TOEFL, LSAT, SAT we GPE ýaly standartlaşdyrylan testler baradaky maglumatlary berýär.

ABŞ-da bilim almak meseleleri boýunça maslahatçy Türkmenistandaky dalaşgärlere dürli derejeler şol sanda, bakalawr, magistr we doktor derejeleri barada maglumat berýär we amerikanyň ýokary okuw jaýlaryna tabşyrmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamakda ýardam berýär.

Bilim we Maslahat beriş merkezi (EAC) şahsy maslahat berişi we toparlaýyn maslahat berişleri hödürleýär; iňlis dilindäki köp dürli kitaby bolan kitaphanasy bar; anketalary we giriş resminamalary, üstünlikli tabşyrmaga, standartlaşdyrylan testlerden geçmäge şeýle hem, amerikan uniwersitetlerinden we kolejlerinden maliýe kömegini almaga gönükdirilen seminarlary, prezentasiýalary we dürli çäreleri hödürleýär.

EAC kitaphanasy akademiki maksatlar üçin Internet toryndan jemgyýetiň mudsuz peýdalanmagyny hödürleýär we ol ýerde amerikan ýokary okuw jaýlarynyň broşuralary we kataloglary şol sanda, programmalaryň we kurslaryň umumy mazmuny, kabul edişiň umumy talaplary we giriş resminamalary tabşyrmagyň tertibi baradaky maglumatlar ýerleşdirilendir. Mundan başga, EAC kitaphanasynda talyp hakyny (stipendiýalary) almak, standartlaşdyrylan testlere taýýarlyk görmek, düzme ýazmak, şahsy maglumaty (rezume) taýýarlamak we akademiki bilim almanyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak ýaly maglumatlar bar.

Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan

Contact Program Assistant to sign-up for library hours or consultations:

For all EducationUSA inquires:
E-mail: Ashgabat@educationusa.org
Cell: +99363502036

Bilim we maslahat beriş merkezinde maslahat almak üçin kabul ediş günler:
Duşenbe  – Penşenbe 10:00-17:00
Anna – 10:00-15:00
Arakesme:  13:00 – 14:00
Bilim we Maslahat beriş Merkeziniň Maslahatçysy bilen ýörite duşuşyk isleýän bolsaňyz, jaň edip ýa-da elektron hat ýazmagyňyzy haýyş edýäris, şonuň ýaly köprak maglumat almak üçin biziň her aýlyk kalendarymyzda biziň geçirilýän çärelerimizi we maslahatlaşma sessiýalaryny görip bilersiňiz.
Aşgabat şäherindäki Görogly köçesi 48A jaý ofisimyza geliň.