Category Archives: EdUSA

ABŞ-DA OKAMAK ISLEÝÄNLER ÜÇIN UCA PROGRAMMASY

UCA näme ? ABŞ-nyň kollejlerine we uniwersitetlerine güýçli dalaşgär bolmak isleýän orta mekdep okuwçylaryna kömek berýän topar maslahat beriş sessiýasy.

Gatnaşyjylar ABŞ-nyň bakalawr derejesi barada has anyk düşünje almak maksady bilen EducationUSA maslahatçysy bilen her ýyl duşuşýarlar:

  • Ýokary bilim ulgamy;
  • Anketanyň hronologiýasy;
  • Iň gowy ýokary okuw jaý & hünär;
  • Standart synaglary;
  • Stipendiýa mümkinçilikleri;
  • Anketa doldurmak we stipendiýa  almak üçin düzme ýazmak;
  • SAT, TOEFL, akademiki düzme okamak we ýazmak;

Talaplar:

  • ABŞ kollejine ýa-da uniwersitetinde okamk üçin uly gyzyklanma;
  • Iňlis dilini iň ýokary derejede bilmek;
  • Orta mekdep okuwçylary;
  • Gowy akademiki ýetişigi;
  • Maksada gönükdirilen we ýokary höwesli;
  • Programmanyň dowamynda onlaýn sessiýalaryna doly gatnaşmak;

Artykmaçlyklary:

  • ABŞ kollejiniň arzasyny taýýarlamak;
  • Akademiki ýazuw endiklerini ýokarlandyrmak;
  • Bäsdeşlik SAT / TOEFL ballary;
  • Okuwdan daşary endikleri ösdürmek;
  • Stipendiýa we maliýe kömegine ýüz tutmagyň artykmaçlygy;
  • Synaglar we okuw syýahaty üçin tölemek üçin stipendiýa hukugy;
  • Sessiýanyň dowamlylygy: 2022-nji ýylyň fewraly – 2023-nji ýylyň ýanwary

Formaty: Wirtual, eger ýagdaýlar rugsat berse, dynç günlerinde ýüzbe-ýüz seminarlar geçirmek mümkinçiligi bilen.

Anketany şu salgyda dolduryp bilersiňiz:  bit.ly/EdUSA_UCA  

Islendik soraglar boýunça ýüz tutmak üçin: ashgabat@educationusa.org
dashoguz@educationusa.org
mary@educationusa.org
turkmenabat@educationusa.org

Türkmenistanda EducationUSA: Halkara bilim hepdesi 2020

16-njy noýabrdan 20-nji noýabr aralygynda “EducationUSA” her ýyl geçirilýän Halkara bilim hepdeligine (IEW) bagyşlanan global çärä onlaýn seminarlaryň birnäçesini geçirdi, oňa 291-den gowrak adam gatnaşdy. Şu ýyl IEW-iň 21 ýyllygyny bellemek üçin EducationUSA bir hepdelik ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryndan çagyrylan spikerleriň, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň gatnaşmagynda doly wirtual seminaryny gurady.Amerikan geňeşlerini we ABŞ-nyň hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän dürli alyş-çalyş programmalarynyň uçurymlary ABŞ-daky şahsy akedemiki tejribelerini paýlaşdy,pikir alyşmak, bilim çäreleri geçirildi we gyzyklanýan talyplar bilen ABŞ-nyň ýokary bilim jaýlary, dereje programmalary, maliýe kömegi we synag synaglary strategiýalary barada maglumat alyşdy, bularyň hemmesi bir maksada – ABŞ barada, onuň ýokary bilim ulgamy we daşary ýurtly talyplar üçin halkara mümkinçilikleri barada çuňňur düşünje bermek üçin ugrukdyrylan.

HALKARA BILIM HEPDESI 2020 (IEW)


Halkara Bilim Hepdesiniň (International Education Week) 21 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyga gatnaşyp halkara bilimiň artykmaçlygy we bütin dünýäde pikir alyşmak barada ýyllyk Halkara Bilim hepdesine goşulşyň. Bir maksada ugrukdurylan köp ýörite bilim çykyşlary, pikir alyşmak çäreleri bolar. Sizi hünärmenlik bilim mümkinçilikleri we şol ugurdan öz ara Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyk mümkinçilikleri bilen tanyş ederler.

Haçan: 2020-nji ýylyň 16-20-nji noýabry
Nirede: Zoom onlaýn üsti bilen
Nädip: Hepdelik çäreleriň dowamynda saýlan hemme sesiýalaryňyza gatnaşmak üçin bir gezek registrasiýa ediň.
Registrasiýa çykgydy: http://bit.ly/EdUSA_IEW2020

———————————————
DOWNLOAD FLYER