Category Archives: News

HALKARA BILIM HEPDELIGI

2014-nji ýylyň güýzinde ABŞ-nyň Bilim baradaky Maslahat merkezi we Halkara bilim meseleleri boýunça Amerikan geňeşi halkara derejesinde meşhur çäre bolan her ýylda geçirilýän Bilim ýarmarka we Halkara Bilim hepdeligine gatnaşdylar. Şu ýyl Halkara bilim hepdeliginiň şanly 15 ýyllygy bellenilip, onuň bilen baglylykda özbaşdak bilim almak meseleleri barada köp sanly gyzykly prezentasiýalary gurnadyk, tegelek stollary, oýunlary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýokary bilim almaga höweslendirmäge gönükdirilen beýleki çäreleri geçirdik.

Halkara Bilim hepdeliginde görkezilen ähli prezentasiýalar we gurnalan jedelli maslahatlar (diskussiýa) şu ýerde PDF görnüşde aňsatlyk bilen ýüklenilip bilner:

Continue reading HALKARA BILIM HEPDELIGI

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasy

«FLEX» – ýokary synp mekdep okuwçylary üçin niýetlenen, ABŞ-nyň hökümedi tarapyndan maliýeleşdirilýän maksatnamadyr. Bäsleşigiň ýeňijileri okuw ýylynyň dowamynda kabul edýän amerikan maşgalalarynda ýaşamaga we amerikanyň orta mekdeplerinde okamaga mümkinçilik alarlar.

Maksatnama gatnaşmaga isleg bildirýän ähli ýokary synp mekdep okuwçylary, ýaş talaplaryna laýyk gelýän, iňlis dilini gowy bilýän, mekdepde gowy okaýan, ABŞ-nyň wizasyny almak üçin ähli talaplara gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary bolmaly.

Bäsleşigiň saýlawy Waşington şäherinde, halkara bilim boýunça alyş-çalyş ugrunda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar hem maksatnama gatnaşyp bilerler.

«FLEX» maksatnamasy barada goşmaça maglumat almak üçin Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutyp bilersiňiz:

Aşgabat ş, köç.Görogly 48а
Tel. (993-12) 36-90-16; (993-63) 50-20-36
Elektron salgysy: flex@americancouncilstm.org
https://americancouncilstm.org