
2026-njy ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde geçirilen C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy 55 gatnaşyjydan ybarat bolan 5-nji toparyň gutardyş dabarasyny dabaraly ýagdaýda belledi. Bu çäre dokuz aý dowam eden ýokary derejeli hünär iňlis dili okuwy, amaly öwreniş mümkinçilikleri hem-de dürli pudaklar arasynda hyzmatdaşlyk torlarynyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.
Çärä ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Jemgyýetçilik diplomatiýasy we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary Sara Rojers, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de ABŞ-nyň Aşgabat şäherindäki ilçihanasynyň işgärleri ýaly abraýly myhmanlar gatnaşdylar.
Öz çykyşynda Sara Rojers iňlis diliniň aragatnaşyk, hünär taýdan ösüş we halkara gatnaşyklary berkitmek babatda güýçli serişde bolup hyzmat edýändigini belläp geçdi. Şeýle hem ol onuň täze mümkinçilikleri döretmekde we dürli medeniýetleri hem-de serhetleri baglanyşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady.
“ABŞ-nyň iň güýçli taraplarynyň biri –alyş-çalyş maksatnamalary we stipendiýa taslamalary üçin iň ökde adamlary saýlap almakdyr. Biz tarapyndan saýlanan gatnaşjylar, ýagny siz, köplenç uly üstünliklere ýetýärler. Şonuň üçin alyş-çalyş ediň, aragatnaşygyňyzy giňeldiň we şu gün goşulan bu toruň işjeň agzalary bolup galmagyňyzy dowam etdiriň. Çünki iňlis dili sizi diňe şu otagdaky adamlar bilen çäklenmän, eýsem kompaniýalar, amerikalylar hem-de dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlar bilen hem baglanyşdyrar.”
Çäräniň iň ähmiýetli pursatlarynyň biri gatnaşyjylaryň jemleýji taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu taslamalar ylmy barlaglara, hünär tejribesine hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň, şol sanda emeli aň esasly gurallaryň netijeli ulanylyşyna esaslanan innowasion pikirleri we amaly çözgütleri öz içine aldy. Sara Rojers we ilçi Elizabet Rud baha beriş toparynyň agzalary hökmünde çykyş edip, gatnaşyjylar bilen göni pikir alyşdylar we olaryň çykyşlaryna gymmatly maslahatlaryny berdiler.
Şeýle hem çäräniň dowamynda uçurymlara giňelip barýan C5+O.N.E. uçurymlar torunyň çäklerinde bar bolan geljekki mümkinçilikler, şol sanda öňde goýlan Sebitleýin konferensiýa hem-de gatnaşyjylar tarapyndan alnyp barylýan başlangyçlary goldamak komponenti (PLISC) barada giňişleýin maglumat berildi. Bu ugur uçurymlara öz pikirlerini bilelikdäki taslamalara öwürmek arkaly jemgyýetlerinde we hünär pudaklarynda oňyn täsir döretmäge mümkinçilik berýär.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar we mugallymlar öz tejribeleri barada ýürekden çykan pikirlerini paýlaşdylar. Olar diňe bir iňlis dili başarnyklarynyň ýokarlanandygyny däl, eýsem öz-özüne ynamyň artandygyny, hünär arabaglanşyklarynyň giňändigini hem-de jemgyýetde oňyn üýtgeşmeleri amala aşyrmaga bolan ynamyň pugtalandyrylandygyny bellediler. Köp sanly gatnaşyjylar üçin C5+O.N.E. diňe bir dil öwreniş maksatnamasy bolman, eýsem ösüş, hyzmatdaşlyk we mümkinçilikler üçin möhüm platforma öwrüldi.
Şeýlelikde, Türkmenistanda 200-den gowrak hünärmenden hem-de Merkezi Aziýa boýunça 1200-den gowrak gatnaşyjydan ybarat giňelýän uçurymlar toruna goşulmak bilen, 5-nji toparyň uçurymlary täze nesil ýolbaşçylaryň we hünärmenleriň sebitleýin jemgyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülýärler. Olar dürli pudaklar we ýurtlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, umumy ösüşe öz goşandyny goşmaga hem-de sebitiň içinde we ABŞ bilen arabaglanşyklary berkitmäge taýýar hünärmenler hökmünde çykyş edýärler.











