FLEX maksatnamasynyň 25 ýyllygy

Noýabr aýynyň 3-ne Amerikan Geňeşlikleri FLEX maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli maksatnamanyň 20 sany uly uçurymlary üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Medeniýet bölüminiň müdiriniň öýünde duşuşyk gurnady. Myhmanlaryň arasynda Amerikan Geňeşlikleriniň we ABŞ-nyň ilçihanasynyň wekilleri bardy.

Duşuşygyň başynda Amerikan Geňeşlikleriniň direktory Toni Taşew FLEX maksatnamasynyň Türkmenistandaky täsiri barada we uçurymlaryň ýeten sepgitleri barada çykyş etdi.

ABŞ-nyň ilçihanasynyň medeniýet bölüminiň wekili Sara Belousow hem uçurymlary garşy aldy we ilçihananyň uçurymlar üçin döredýän mümkinçilikleri barada tanyş etdi.

FLEX maksatnamasynyň koordinatory Tatýana Kopytowa uçurymlary ýurdumyzda meýletinçiler ruhyny ýaýratmaga çagyrdy. Duşuşygyň dowamynda uçurymlar dürli oýunlar oýnadylar.

Soňunda FLEX maksatnamasynyň uçurymlarynyň koordinatory utuşly lotereýa paýlady we uçurymlaryň bäş sanysy ýadygärlik sowgat gazandylar. Baýramçylyk süýjilik torty we FLEX maksatnamasyna öwgüli sözler bilen jemlendi.