FLEX uçurymlary üçin “Netijeli Aragatnaşyk Syrlary” Seminary

2020-nji ýylyň Fewral aýynyň 25-ne Aşgabatdaky Amerikan Geňeşlikleriniň ofisinde FLEX uçurymlaryny “täsirli aragatnaşygyň syrlary” diýlip atlandyrylan seminar Ilýas Seisow gurnady.

Seminaryň başynda gatnaşyjylar “aragatnaşyk” düşünjesi bilen tanyşdylar we onuň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar. Uçurymlar, şeýle hem, şahsy aragatnaşygyny giňeltmek üçin we “Elevator speech” ýaly dürli tehnikalary iş ýüzünde nähili ulanmaklyk barada maslahatlar aldylar.

Soňunda, gurnaýjy wizit kartoçkalaryň nusgalary görkezdi we näme maglumatlary goşmalydygyny ara alyp maslahatlaşdy