All posts by

“FLEX” Maksatnamasynyň Synaglary Açyk!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ýokary synp mekdep okuwçylary üçin “FLEX” maksatnamasynyň açylanlygy barada buysanç bilen habar berýär!   Türkmenistanyň Bilim Ministrligine we Türkmenistanyň Daşary işler Ministrligine “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşigini guramak boýunça berýän goldaw we ýardamlary üçin, hem-de “FLEX” maksatnamasyna kabul ediljek Türkmenistanly zehinli ýaşlaryň sanlaryny ýigrimi bäşe köpeldenleri üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris.    Şeýle hem Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna olaryň “FLEX” maksatnamasyna berýän goldaw we ýardamlary üçin, hem-de doly maksatnamanyň harajatlaryny maliýeleşdirýänleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Bäsleşige gatnaşyjaklara uly üstünlik arzuw edýäris!

20162017-nji okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň mekdeplerde geçiriljek bäsleşiginiň tertipnamasy:

Şäheriň ady Senesi Wagty Mekdep
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 11  Sentýabr 9:00 Мekdep № 10,  ş.Türkmenbaşy
Balkanabat, Balkan welaýaty 18  Sentýabr 9:00 Mekdep № 3,    ş.Balkanabat
Mary, Mary welaýaty 25  Sentýabr 9:00 Mekdep № 19,   ş.Mary
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 2   Oktýabr 9:00 Mekdep № 2,     ş.Dashoguz
Türkmenabat, Lebap welaýaty 9   Oktýabr 9:00 Mekdep № 2,     ş.Türkmenabat
Ahal welaýaty 16 Oktýabr 9:00 Mekdep № 3,      ş.Tejen
Aşgabat 6   Noýabr 9:00 Mekdep № 20,    ş. Aşgabat

Bäsleşigimize 2016-njy ýylyň güýzinde aşakdaky kriteriýalara  gabat gelýän okuwçylaryň ählisi çagyrýarys:

  • 1999-njy ýylyň Mart aýynyň 15-den, 2001-nji ýylyň Maý aýynyň 31-i aralynda doglan;
  • Soňky 5 ýylyň dowamynda ABŞ-da 3 aýdan köp ýaşamadyk;
  • Türkmenistanyň raýaty;
  • Iňlis dilini gowy bilýän.

Ähli gabat gelýän okuwçylary synagyň 1-nji tapgyryna gatnaşmaga çagyrýarys. Olar öz ýany bilen:

  • Gatnaşyp bilýänligi hakynda resmi subutnama (dogluş hakyndaky şahadatnamasyny ýa-da pasportyny);
  • Bir surat (3×4 ölçegli);
  • Ruçka getirmelidirler;
  • We synaglara mekdep lybasynda gelmelidirler.

Bäsleşik 15 minutdan ybarat bolup, okuwçynyň iňlis dilinden bilimini barlaýan umumy test (1-nji tapgyr),  Iňlis dilinde düzme ýazmak (2-nji tapgyr), we Iňlis dilinde test, düzme ýazmak hem-de söhbetdeşlik (3-nji tapgyr).

Synaglar Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň agzalary tarapyndan ýurdumyzyň bäş welaýatynda hem geçiriler. Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine amatly bolan ýerde, ýagny Tejende ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşiklere gatnaşyp bilerler.

“FLEX” maksatnamasy Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna 24 ýyldan gowrak alyş-çalyş mümkinçiligini hödürleýän maksatnama bolup, ABŞ-da 2017-2018-nji okuw ýylynyň dowamynda bilim almaga mümkinçilik berýär.  Maksatnama gatnaşyjylaryny öýlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmeklige we yzyna gaýdyp gelmekligi üçin ähli harajatlary öz üstüne alýar, şeýle hem gatnaşyjylara talyp haklary berilýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar amerikan maşgalasynda ýaşamak, mekdeplerinde okamak we sapakdan daşary işlere gatnaşmak bilen ABŞ hakynda giňişleýin öwrenerler.  Şeýle hem maksatnama gatnaşyjylary kabul edýän guramalar we ýerli birleşikler tarapyndan geçirilýän çärelerine gatnaşyp bilerler, şeýlelik bilen olara amerikanlylary öz ýurdynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikler beriler.

Maksatnama gatnaşyjylar ABŞ-da bilim ugrynda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan saýlanýarlar.  Saýlaw  açyk bäsleşigiň, söhbetleşigiň, häsiýetnamanyň we iňlis dili bilimini barlaýan testirlemeleriň netijesi boýunça geçirilýär.

Bu maksatnama ähli okuwçylar üçin we şol sanda maýyp çagalar üçin hem açykdyr.  Eýýäm 200-den gowyrak maýyp çagalar şu maksatnama gatnaşdylar we ABŞ-da bilim aldylar.

Siziň welaýatyňyzda geçiriljek bäsleşik barada doly maglumat üçin:

Halkara Bilim boyunça Amerikan geňeşliklerine ýüz tutyp bilersiňiz (ACCELS)
Görogly köçesi 48a
Telefon/Fax: +99312 36-90-16/21/22; +99369 01-90-95

Email: flex@americancouncilstm.org
https://americancouncilstm.org
www.vk.com/americancouncilstm

GATNAŞYJYLARYNY ÜSTÜNLIKLI TAMAMLANY BILEN GUTLAÝARYS!

Amerikan Geňeşleri Türkmenistanda geçirilen 2016-nji ýylyň Tomus Seminarynyň gatnaşyjylaryny doly bäş günlik intensiw seminary üstünlikli tamamlany bilen gutlaýarys. Şu Tomus Seminaryň bäş gün dowamynda gatnaşyjylar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna giriş resminamalary tabşyrmagyň  ähmiýetli maglumaty baraga gönükdirilip, iň bäsdeş dalaşgär boldylar.

Iýun aýynyň 29-nden Iýul aýynyň 31-ne çenli, gatnaşyjylaryň sany 53 ýetip, bäş günlik seminarda olar intensiw akademiki leksiýa geçip, ABŞ-nyň standartlaşdyrylan testler, ylmy taýdan işler barada maglumat aldylar, resminamalary ABŞ-nyň bäsdeş kollejlaryna we uniwersitetlaryna 2016-2017-nji ýylyň güýzinde tabşyrmagyň hakyky ugryna geldiler. 2016-nji ýylyň Tomus Seminary Bilim we Maslahat beriş merkezinde (Education USA center)  we Türkmenistanyň üç Amerikan Burçlarynda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda, şeýdip Türkmenistanyň bäş welaýatyndan, dördisinde SAW Seminar geçirildi.

2016-nji ýylyň Tomus Seminaryň okuw meýilnamasy ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrmagyň prosesi barada çuňňur düşünje, beýannamanyň strategiýasyny, wagtlar we talaplar, düzme (essay) ýazmak barada maslahat bermäne, anketany doldurmagy, stipendiýa almaklyk, stipendiýa mümkinçilikleri gözlemek üçin endikler we resurslar, şol sanda-da Prep4Success programma we diagnostiki giriş SAT we TOEFL synaglara ugrukdyrylan.

2016-nji ýylyň Tomus Seminary ABŞ-nyň kollejlary we uniwersitetlary bilen gyzyklanýan ähli müşderiler üçin açyk boldy. Ähli gatnaşyjylar ýazan düzmeleri we tabşyran TOEFL we SAT testleriniň esasynda, hem-de  ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrjakdygynyň hyjuwlylygy esasynda saýlandy.

2016-nji ýyl Tomus Seminarynyň gatnaşyjylaryny ýene-de bir sapar gutlaýarys we olara ABŞ-nyň kollejlaryna we uniwersitetlaryna resminama tabşyrmakda gazanan endikler bilen ABŞ-da ýokary bilim almak maksadynda ähli üstinlikler arzuw eedýäris.