FLEX 2017-18 maksatnamasynyň ýeňijilerini gutlaýarys!

FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär.  ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we maýyp okuwçylar üçin açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 220-den gowurak maýyp okuwçy gatnaşyp, şolaryň 4-i Türkmenistandan.

Indiki  2018-2019 ýyllar aralygynda geçiriljek FLEX maksatnamasy 2017-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi arkaly tassyklanandan soňra başlar.  Mekdep okuwçylary, mugallymlary we ene-atalar bäsleşik barada doly maglumaty, talaplary hem-de maýyp çagalar üçin ýörite test mümkinçilikleri barada 2017-njy ýylyň awgust aýynda biziň web-sahypamyzdan ýa-da ýakyn Amerikan merkezlerinden alyp bilerler.

Ýeňijileri ýene—de bir sapar gutlaýarys we olara bir ýylyň dowamynda wagtlaryny gyzykly hem-de täsinli geçirmeklerini arzuw edýäris. FLEX 2018-2019 maksatnamasynyň gatnaşyjylaryna hem üstünlik arzuw edýäris!