
2023-nji ýylyň 15-nji awgustynda FLEX maksatnamasynyň yeňijileri üstünlikli ABŞ-a gitdiler we eýýam kabul edýan jemgyýetleri tarapyndan garşylandylar. Biz FLEX maksatnamasynyň ýeňijilerine üstünlik arzuw edip, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabat halkara howa menzilinde garşylamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
All posts by
C5 +ONE (Opening Networks Through English) maksatnamasy Türkmenistanda
Türkmenistandaky Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri hökümetde, jemgyýetçilik guramalarynda we hususy kärhanalarda energiýa we daşky gurşaw pudaklarynda zähmet çekýän başlangyç we orta derejeli işgärlere niýetlenen C5 + ONE maksatnamasyny işe girizdi.
Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisinde (Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Gyrgyzystan) Amerikan Geňeşlikleriniň edaralary tarapyndan dolandyrylýar. Maksatnama gatnaşýan hünärmenler, hepdelik çäreleriň, milli we sebitleýin seminarlaryň, webinarlaryň we ekskursiýalaryň üsti bilen Iňlis dilinde diňlemek, okamak, ýazmak we gürlemek endiklerini ösdürmäge ajaýyp mümkinçilik alarlar.
Şeýle hem bu maksatnama, professional gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli maglumatlara we mümkinçiliklere eýe bolmaga we hünär başarnyklaryny berkitmäge mümkinçilik döreder. C5 + ONE maksatnamasy diňe her gatnaşyjy ýurtdaky ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan hödürlenen edaralar üçin açykdyr.
EducationUSA kollej sergisi iýun aýynyň 9-na we 16-na sagat 11:00 bilen 13-00 aralygynda Amerikan Geňeşliklerinde geçirilýär

Siz Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynda okamaga gyzyklanýarsyňyzmy? Onda, Kent döwlet uniwersitetiniñ we Billingsdaky Montana döwlet uniwersitetiniñ wekilleri bilen anketa tabşyrmak prosesi, talyp haklary we başgalar barada söhbetdeşlik etmek mümkinçiligiňizi elden gidirmäň


