Category Archives: Success Stories

“EducationUSA Türkmenistan Mümkinçilik Gaznalary” uçurymynyň wirtual gutardyş dabarasy

EducationUSA Türkmenistan Mümkinçilik Gaznalarynyň uçurymy, Zarina Dawletowa Kanzasdaky Garden City Community kolleji gutardy we 2020-nji ýylyň 9-njy maýynda 100-nji açylyş dabarasynyň wirtual gutardyşyna gatnaşdy.

Mundan başga-da, Zarina gutardyş dabarasynyň spikeri hökmünde saýlandy we akademiki ussatlygy we jemgyýetçilik hyzmatyna adatdan daşary ygrarlylygy sebäpli 2020-nji ýyl synpynyň tapawutlanan zenan uçurymy hökmünde yglan edildi.
Ol Associate of Science (iki ýyl okuwdan soň berlen diplom) derejesini aldy we programmany 4.0 GPA bilen tamamlady. Okuw döwründe Zarina, köp sanly talyp klub guramasynyň agzasy bolmak bilen öz liderligini görkezdi we kollejiň toplumlaýyn okuw merkezinde ýaşaýyş durmuşy boýunça geňeşçi, matematika we ykdysadyýet mugallymy bolup işledi.

Mundan başga-da, ol ştatyň beýleki 50 alymlary bilen birlikde PTK All-Kanzas akademiki topary diýip atlandyryldy.

Häzirki wagtda Zarina matematika we ykdysadyýet hünäri boýunça bakalawr derejesini almak üçin Missisipi ştatynyň uniwersitetine geçýär.

Wirtual açylyş dabarasyny we Zarinanyň çykyşyny görmek üçin baglanyşyga girmegiňizi haýyş edýäris: https://youtu.be/b_vt6oB12wY

Freshmen Cohort Alumnus Updates

Serdar Gayybov
Serdar Gayybov

Serdar Gaýybow FLEX’17 maksatnamasynyň we ABŞ-da okuw’18 maksatnamasynyň uçurymy, häzirki wagtda Merkezi Waýoming kollejiniň birinji ýyl talyby, ol ýerli “The Sunday Ranger” gazetinde Hepdäniň talyby diýlip neşir edildi. Serdar “Saglyk” fakultetinde, geljekde lukman bolup ýetişmek üçin okaýar. Ol özüniň birinji semesteryny 3.78 GPA bilen tamamlap dekanyň sanawyna goşuldy. Şeýle hem Serdar “IDea Network of Biomedical Research Excellence (INBRE)” toparynyň agzasy bolup, “sequencing the genome of Culex tarsals mosquito, the major carrier of West Nile and West Nile encephalitis viruses”üstünde işleýär.

Serdar talyplaryň içinde ilçi bolmak bilen ýaňy ýakynda MWK-da amerikan futbolyny oýnamak üçin şertnama baglaşdy. Onuň Iňlis professorlarynyň biri doktor Tilton Serdar barada şeýle diýýär: “… Ol klasda diňe bir gowy okaýanlygy bilen däl, eýsem gowy täsiri bilen hem tapawutlanýar… okamaga bolan höwesi diýseň uly we onuň bilen işleşmek hemişe keýpli”. Serdar hem okuw çärelerine hem-de jemgyýetçilik çärelerine diýseň işewür gatnaşýar we özüniň aýtmagyna görä iň uly hususy üstünlikleriniň biri “ daşary ýurtly bolanyna seretmezden, özüni arzyly myhman ýaly duýýar, sebäbi eger-de oňa kömek gerek bolsa hemişe gol uzatjak biri, ýa-da bilelikde futbol oýnajak birisiniň tapyljakdygyna ynanýar”

Highest Recognition Award from the Central Wyoming College, WY.

Kerim Velbayev
Kerim Velbayev

Kerim Welbaýew “ABŞ-da okuw” maksatnamasynyň uçurymy we Merkezi Waýoming kollejiniň Injenerlik fakultetiniň birinji ýyl talyby özüniň gowy okaýanlygy sebäpli, “Phi Delta Kappa” göreldelileriň jemgyýetine kabul edildi. Kerim birinji semestry üstünlikli 4.0 GPA bilen tamamlady we ol talyplaryň arasynda geçirilýän dürli çärelere işeňňir gatnaşýar. Göreldeli okuwynyň netijesinde, Kerim iň uly baýraga, ýagny Prezident sanawyna goşulmaga mynasyp boldy. Ondan başga-da Kerim “Full Ride” talyp hakyny almaga mynasyp boldy, bu bolsa oňa okuwyny tölegsiz doly dowam etdirmäge mümkinçilik berer.