Highest Recognition Award from the Central Wyoming College, WY.

Kerim Velbayev
Kerim Velbayev

Kerim Welbaýew “ABŞ-da okuw” maksatnamasynyň uçurymy we Merkezi Waýoming kollejiniň Injenerlik fakultetiniň birinji ýyl talyby özüniň gowy okaýanlygy sebäpli, “Phi Delta Kappa” göreldelileriň jemgyýetine kabul edildi. Kerim birinji semestry üstünlikli 4.0 GPA bilen tamamlady we ol talyplaryň arasynda geçirilýän dürli çärelere işeňňir gatnaşýar. Göreldeli okuwynyň netijesinde, Kerim iň uly baýraga, ýagny Prezident sanawyna goşulmaga mynasyp boldy. Ondan başga-da Kerim “Full Ride” talyp hakyny almaga mynasyp boldy, bu bolsa oňa okuwyny tölegsiz doly dowam etdirmäge mümkinçilik berer.