FLEX maksatnamasynyň Aşgabatdaky 1 tapgyryň netijeleri

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi şu ýyl dartgynly geçirilip, oňa 370-den gowrak okuwçy gatnaşdy.

Ikinji tapgyra çagyrylan okuwçylar 20-nji mekdebe bellenilen wagtyndan iň azyndan 15 minut öň gelmelidir. Hem-de ýany bilen GARA ruçka getirmelidir. Birinji tapgyrdan geçen okuwçylary gutlaýarys hem ikinji tapgyrda üstünlik arzuw edýäris!