Şu ýyl FLEX Maksatnamasy bäsleşigine gatnaşmak isleýanler üçin iň soňky mumkinçilik!

2016-2017-nji ýyl FLEX Maksatnamasynyň bäsleşiginiň in sonky 1-nji tapgyry 2015-nji ýylyň 8-nji Noýabrynda, Ýekşenbe güni, Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebinde sagat 9:00 da geçirilýär. Türkmenistan boýunça Maksatnama gatnaşmaga laýyk gelýan okuwçylaryň ählisini hat-da öz ýaşaýan Welaýatynda ýa-da şäherinde bäsleşigiň geçirilip tamamlanandygyna garamazdan, bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys. FLEX Maksatnamasy baradaky maglumatlary Türkmenistan FLEX web sahypamyzdan alyp bilersiňiz.

2015 – 2016-nji okuw ýyllarynda “FLEX” maksatnamasynyň mekdeplerde geçiriljek düzgünnamasy.

Türkmenbaşy, Balkan welaýaty

13 Sentýabr

9:00

Мekdep № 10, ş.Türkmenbaşy

Balkanabat, Balkan welaýaty

20 Sentýabr

9:00

Mekdep № 3, ş.Balkanabat

Mary, Mary welaýaty

4 Oktýabr

9:00

Mekdep № 19, ş.Mary

Daşoguz, Daşoguz welaýaty

11 Oktýabr

9:00

Mekdep № 2, ş.Dashoguz

Türkmenabat, Lebap welaýaty

18 Oktýabr

9:00

Mekdep № 2, ş.Türkmenabat

Ahal welaýaty

1 Noýabr

9:00

Mekdep № 3, ş.Tejen

Aşgabat

8 Noýabr

9:00

Mekdep № 20, ş. Aşgabat

“FLEX” maksatnamasy Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna 23 ýyldan gowrak alyş-çalyş mümkinçiligini hödürleýän maksatnama bolup, ABŞ-da 2016-2017-nji okuw ýylynyň dowamynda bilim almaga mümkinçilik berýär. Maksatnama gatnaşyjylaryna öýlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmeklige we yzyna gelmeklige töleg tölenýär, şeýle hem talyp haky berilýär.

Amerikan maşgalasynda ýaşamak, mekdepde okamak we sapakdan daşary işlere gatnaşmak  okuwçylara şahsy tejribesinde Amerikan durmuşy barada bilimini artdyrmaga mümkinçilik dőredýär. Şeýle hem maksatnama gatnaşyjylary kabul edýän guramalar we ýerli birleşikler tarapyndan geçirilýän çärelerine gatnaşyp bilerler, şeýdip olar amerikanlylary öz ýurdynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik beriler.

Maksatnama gatnaşyjylar ABŞ-da bilim ugrynda işleýän őkde hünärmenler tarapyndan saýlanýarlar. Saýlanma açyk bäsleşigiň, sőhbetleşigiň, häsiýetnamanyň we iňlis dili bilimini barlaýan testirlemeleriň netijesi boýunça geçirilýär.

Bäsleşige 2015-nji ýylyň güýzinde aşakdaka agzalan kriteriýalara dogry gelýän okuwçylaryň ahlisi çagyrlýar:

  • 1998-njy ýylyň mart aýynyň 15-den 2000-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan;
  • Soňky 5 ýylyň dowamynda ABŞ-da 3 aýdan köp ýaşamadyk;
  • Orta mekdebiň meýlinamasynyň çäklerinde iňlis dilini bilýän.

 

Bu maksatnama ähli okuwçylar üçin we şol sanda maýyp çagalar üçin hem açykdyr.  Eýýäm 200-den gowyrak maýyp çaga şu maksatnama gatnaşdylar.

2015 ýyllyň güýz aýlarynda Amerikan Geňeşlikleriniň işgärleri testirleme geçirmek üçin Türkmenistanyň welaýat merkezlerine bararlar.  Testirleme Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat, Mary we Tejen şäherlerinde geçiriler.

Isleg bildirýänleri 3 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşige gatnaşmaga çagyrýarys. Bäsleşige gatnaşyjylar öz ýany bilen dogluş hakyndaky şahadatnamasyny ýa-da pasportyny we 3×4 ölçegli bir suratyny getirmeli.  Bäsleşigiň birinji tapgyryndan geçenler (iňlis dili boýunça bilimi barlaýan gysga test), ikinji tapgyra gatnaşmaga çagyrylarlar (has dowamly test we iňliş dilinde düzme ýazmak).  Diňe üçünji tapgyra geçen okuwçylar soragnamalary (anketa) alarlar, düzme ýazarlar we söhbetdeşlige çagyrylarlar.

Siziň welaýatyňyzda geçiriljek bäsleşik barada doly maglumat almak üçin

Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz.
Aşgabat, Görogly köç, 48a; Tel/Faks: (993-12) 97-10-16/21
Elektron salgysy: flex@americancouncilstm.org
https://americancouncilstm.org