Üstünlik hekaýasy

“Men EducationUSA kolleje taýýarlaýyş programmasy we Ylmy-iş ýazuw kagyz yazmak arkaly gerekli başarnyklary öwrendim. Bu maňa uniwersitetimde repetitor we marketolog bolup işe girmäge kömek etdi.”

Myrat Hajybaýew bilen tanyşyň – Opportunity Funds stipendiýasyny alan we Türkmenistanyň EducationUSA kolleje taýýarlaýyş programmasynyň uçurymy. Myrat, Biznes fakultetininiň hyjuwly talyby hem-de Waldorf uniwersitetiniň full-tuiton Pillars Scholarship stipendiýasynyň eýesi. Myradyň güýçli yhlasy we hyjuwy, meýletinlige işjeň gatnaşmagy we Warriors Writing Club ýaly birnäçe talyp klublary arkaly görmek bolýar. Myradyň ajaýyp okuw üstünligi, Honors Leadership programmasyna girmäge kömek etdi we birinji kursda Waldorf uniwersitetinde dekanyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, Waldorfdaky Alumni Relations Phone-a-thon üçin telemarketer hökmünde işjeň gatnaşmagy Waldorf Lýuteran kolleji gaznasy üçin 20 000 dollar ýygnamaga kömek etdi. Yakynda Myrat, “EducationUSA Scholar Talk” wirtual webinar arkaly Türkmenistandaky onlarça talyp bilen ABŞ-da okuwy tölemegiň usullary bilen öz tejribesini paýlaşdy. Bu, geljekki talyplaryň köpüsini ABŞ-daky kollejlere girmäge höweslendirdi we ruhlandyrdy. Myrat, işiňizde işjeň gatnaşmagyňyzy we okuwyňyza we jemgyýete ygrarlylygyňyzy dowam etdiriň.
Myradyň Instagram sahypasyna goşulyň: muradhazhibaýew