Berea, Kentucky, USA, January 29, 2019 – Shageldi Ovezov, a 2017 alumnus of the Turkmenabat Undergraduate Cohorts Group Advising (UCA) program and awardee of the EducationUSA Opportunity Grant, shared his success story with us. Currently, he is an undergraduate student at Berea College. Following his dream to bring a change to his community, Shageldi applied and was accepted to a well-known Berea College program – Entrepreneurship for the Public Good (EPG). He will take part in the summer institute among the other enthusiasts of the positive change making. The program will give students a chance to discover the Appalachian region of the US looking through the lens of a social entrepreneur.
Category Archives: News
FLEX Maksatnamasynyň Synaglary Açyk!
Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri FLEX maksatnamasynyň 2018-19-njy okuw ýyly üçin açylanlygy barada buysanç bilen habar berýär! Pursatdan peýdalanyp Türkmenistanyň Bilim Ministrligine we Türkmenistanyň Daşary işler Ministrligine maksatnamany gurnamak boýunça berýän goldawlary üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şeýle hem Amerikan Geňeşlikleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümetine FLEX maksatnamasyny dolulygyna maliýeleşdirýänligi üçin köp sag bolsun aýdýar. Bäsleşige gatnaşjaklara uly üstünlik arzuw edýäris!
2018 –2019-njy okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň mekdeplerde geçiriljek bäsleşiginiň tertipnamasy:
Şäheriň ady | Senesi | Wagty | Mekdep № |
Daşoguz, Daşoguz welaýaty | 2-nji dekabr | 9:00 | 2-nji mekdep, Daşoguz şäherinde |
Mary, Mary welaýaty | 9-njy dekabr | 9:00 | 19-njy mekdep, Mary şäherinde |
Türkmenabat, Lebap welaýaty | 16-njy dekabr | 9:00 | 2-nji mekdep, Türkmenabat şäherinde |
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty | 6-njy ýanwar | 9:00 | 10-njy mekdep,Türkmenbaşy şäherinde |
Balkanabat, Balkan welaýaty | 13-nji ýanwar | 9:00 | 3-nji mekdep , Balkanabat şäherinde |
Tejen, Ahal welaýaty* | 20-nji ýanwar | 9:00 | 3-nji mekdep, Tejen şäherinde |
Aşgabat şäheri** | 27-nji ýanwar | 9:00 | 20-nji mekdep, Aşgabat şäherinde |
*Ahal welaýatynyň okuwçylary özlerine has amatly bolan ýerde, ýagny Tejen ýa-da Aşgabat şäherinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyp bilerler
**Öz şäherinde FLEX maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek FLEX maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyk rugsat edilýär.
Bäsleşik aşakdaky talaplara gabat gelýän ähli ýokary synp okuwçylary üçin açykdyr:
- 2001-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2003-nji ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler; ýöne 11-nji synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler;
- soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
- iňlis dilini gowy bilýän;
- soňky bäş ýylyň içinde ABŞ-da üç aýdan köp ýaşamadyk;
- Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar öz ýany bilen:
- dogluş hakyndaky şahadatnamasyny ýa-da pasportyny (resmi nusgasy);
- bir surat (3×4 ölçegli);
- ruçka ;
- synaglara mekdep lybasynda gelmelidirler.
Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat: okuwçynyň iňlis dili bilimini barlaýan 15 minutlyk umumy test (1-nji tapgyr), Iňlis dilinde düzme ýazmak (2nji tapgyr), Iňlis dilinde test, düzme ýazmak hem-de söhbetdeşlik (3-nji tapgyr).
Synaglar Amerikan Geňeşlikleriniň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň bäş welaýatynda hem geçiriler.
FLEX maksatnamasy Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryna alyş-çalyş mümkinçiligini hödürleýän maksatnama bolup, ABŞ-da 2019-2020-njy okuw ýylynyň dowamynda bilim almaga mümkinçilik berýär. Maksatnama gatnaşyjylaryny öýlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmeklige we yzyna gaýdyp gelmekligi üçin ähli harajatlary öz üstüne alýar, şeýle hem gatnaşyjylara talyp haklary berilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar amerikan maşgalasynda ýaşamak, mekdeplerinde okamak we sapakdan daşary işlere gatnaşmak bilen ABŞ hakynda giňişleýin öwrenerler. Şeýle hem maksatnama gatnaşyjylary kabul edýän guramalar we ýerli birleşikler tarapyndan geçirilýän çärelerine gatnaşyp bilerler, şeýlelik bilen olara amerikanlylary öz ýurdynyň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikler beriler.
Maksatnama gatnaşyjylar ABŞ-da bilim ugrynda işleýän ökde hünärmenler tarapyndan saýlanylýarlar. Saýlaw açyk bäsleşigiň, söhbetleşigiň, hödürnamanyň we iňlis dili bilimini barlaýan testirlemeleriň netijesi we okuwçynyň ABŞ-da bir ýylyň dowamynda ýaşamaga bolan ukyby boýunça geçirilýär.
Bu maksatnama ähli okuwçylar üçin we şol sanda fiziki mümkinçiligi çäklendirilen okuwçylar üçin hem açykdyr. Eýýäm 300-den gowrak fiziki mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylar şu maksatnama gatnaşdylar we ABŞ-da bilim aldylar.
Siziň welaýatyňyzda geçiriljek bäsleşik barada doly maglumat üçin Halkara Bilim boyunça Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutyp bilersiňiz
Görogly köçesi 48a
Telefon/Fax: +99312 36-90-16/21; +99363 50-20-36
Email: flex@americancouncilstm.org
https://americancouncilstm.org
Halkara Bilim Hepdeligi (HBH)
Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň Bilim we maslahat beriş merkezine dünýä derejinde geçirilýän Halkara bilim hepdeligini bellemek üçin goşulyň (rejesine serediň). Bu ýyl HBH-niň 18 ýyllygy sebäpli ählisi bir esasa gönükdirilen-ýagny Amerikanyň Birleşen ştatlarynda ýokary bilim almak bilen tanyşdyrmaklyk üçin köp özboluşly bilim prezentasiýalaryny, pikirlenişli oýunlardyr, çareleri gurnarys.
IEW Schedule IEW Flyer