Tag Archives: flex

FLEX bäsleşigi 2024 barada maglumat


2025-2026 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi

2025-2026 okuw ýyly üçin FLEX maksatnamasynyň bäsleşigine gatnaşmaga aşakdaky talaplara laýyk gelýän ýokary synp mekdep okuwçylary çagyrylýar:
2007-nji ýylyň mart aýynyň 15-den 2009-njy ýylyň maý aýynyň 31-i aralygynda doglan okuwçylar gatnaşyp bilýärler. Möhüm: soňky synpda okaýan, harby gulluga gitmeli okuwçylar maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.
• Häzirki wagtda mekdepde okaýan we mekdep ýetişigi gowy bolan okuwçylar;
• Iňlis dilini gowy bilýän;
•ABŞ-nyň wizasyny almak üçin talaplara laýyk gelýan;
•Türkmenistanyň raýaty bolan okuwçylar.


Synaglaryň rejesi

Bäsleşigiň geçirilýän ýeri Güni Wagty Mekdebi
Türkmenbaşy, Balkan welaýaty 13-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 10, Türkmenbaşy ş.
Daşoguz, Daşoguz welaýaty 20-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 2, Daşoguz ş.
Mary, Mary welaýaty 27-nji oktýabr, 2024 09:00 Mekdep № 19, Mary ş.
Balkanabat, Balkan welaýaty 3- nji noýabr, 2024 09:00 Mekdep № 3,Balkanabat ş.
Türkmenabat, Lebap welaýaty 10-njy noýabr, 2024 09:00 Mekdep № 2, Türkmenabat ş.
Aşgabat, Ahal welaýaty 17-nji noýabr, 2024 09:00 Мekdep № 20, Aşgabat ş.

 Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren okuwçylar ýany bilen hőkmany ýagdaýda dogluş hakyndaky şahadatanamasynyň asyl nusgasyny ýa-da pasportyny, ýakynda düşülen 3×4 ölçegli bir fotosurat, ruçka we synaglara hökmany ýagdaýda mekdep lybasynda gelmeli.

*Öz şäherinde «FLEX» maksatnamasyna gatnaşyp bilmedik okuwçylar Aşgabat şäherinde geçiriljek «FLEX» maksatnamasynyň 1-nji tapgyryna gatnaşyp bilerler, ýöne bäsleşigiň 1-nji tapgyryna ýylda bir gezek gatnaşmaklyga rugsat edilýär.

Goşmaça maglumat üçin habarlaşyp bilersiňiz:

Tel: (+99312) 36-90-16; (+99363) 50-20-36;
El.poçta: flex.tm@americancouncils.org;
web-sahypa: https://americancouncilstm.org/flex

Türkmenistanda 2021-nji ýylda FLEX Minnetdarlyk günini bellemek!

2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 4-ne FLEX 2021 Minnetdarlyk güni mynasybetli FLEX uçurymlarynyň Koordinatory çagalar üçin bäsleşik gurnady. Netijede 12 sany çaga bäsleşige gatnaşdy we FLEX nyşanyny döredijilikli reňklediler. Ýeňijiler FLEX maksatnamasynyň doglan gününde, ýagny sentýabr aýynyň 27-de yglan edildi we şol gün onlaýn baýramçylyk gurnaldy.


Türkmenistandan 34 sany FLEX uçurymy FLEX minnetdarlyk gününi bellemäge gyzyklanma bildirdiler we çäreniň dowamynda özara gürleşmäge, tejribelerini paýlaşmaga we  FLEX maksatnamasyna minnetdarlyk bildirmäge mümkinçilik aldylar. Amerikan Burçlarynyň wekilleriniň gurnan oýunlary we çykyşlary çärä şowhun we gyzyklanma gatdy. Kristina Fateýewa FLEX uçurymy’07: “Bu ajaýyp çäreni gurnanyňyz üçin köp sag boluň. Men gaty haladym we FLEX  maksatnamasyna minnetdarlyk bildirýärin”.

Uçurymlara esasan hem “Suratdaky çaganyň Kimdigini Anykla” oýny ýarady, olar oýnyň dowamynda birek-biregiň çagalyk suratlaryndan kimiň-kimdigini tanamaga çalyşdylar. Çäreniň ahyrynda uçurymlar lotereýa oýnuna gatnaşdylar we FLEX maksatnamasynyň nyşany bolan ýadygärlik utuşlara eýe boldular.

FLEX uçurymy 08 Röwşen Çaryýew bilen “Korporatiw dünýäni nädip çözdük we muny nädip edip bilersiňiz”

Maý aýynyň 15-nde FLEX maksatnamasynyň 2008 ýylyndaky uçurymy Röwşen Çaryýew (Aşgabat) “Korporatiw dünýäni nädip çözdük we muny Siz nädip edip bilersiňiz” atly mowzukda onlaýn söhbetdeşlik geçirdi. FLEX uçurymy, Philips-de üpjünçilik meýilnamalaşdyryş müdiri bolup işleýän we uniwersitetiň uçurymlaryna ilkinji iş tekliplerini almaga kömek edýän dosty Mile Tasewskini hem söhbetdeşlige çagyrdy. Gepleşigiň dowamynda Röwşen we Mile Amazon we Philips ýaly uly korporasiýalarda işlemek baradaky tejribeleri hakynda aýdyp berdiler we işe alyş we saýlaýyş işi barada çuňňur aýdyp geçdiler we mundan başga-da halkara kompaniýalarynda iş tapmak üçin möhüm görkezijileri maslahat berdiler. Uçurymlar ýokary bilim maksatnamalary, talyp haklary we aragatnaşyk mümkinçilikleri barada birnäçe soraglar berdiler. Umuman, bu söhbetdeşlige 18 sany uçurymlar gatnaşdy we olaryň 14-si Russiýadan, Türkiýeden we Germaniýadan goşulan FLEX uçurymlarydy. Uçurymlar bu gepleşigi diýseň höweslendiriji we ruhlandyryjy diýip hasaplap, alan bilimlerini ilkinji işlerine ýüz tutmakda ulanmaga sabyrsyzlanýarlar. FLEX uçurymy Röwşen “Işini ösdürmek 101” leksiýalaryna hem gatnaşmagy ähtimal.