Amerikan Geňeşleri Türkmenistanda geçirilen 2015-nji ýylyň Tomus Seminarynyň gatnaşyjylaryny doly bäş günlik intensiw seminary üstünlikli tamamlany bilen gutlaýarys. Şu Tomus Seminaryň bäş gün dowamynda gatnaşyjylar ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna giriş resminamalary tabşyrmagyň ähmiýetli maglumaty baraga gönükdirilip, iň bäsdeş dalaşgär boldylar.
Iýul aýynyň 8-nden Awgust aýynyň 2-ne çenli, gatnaşyjylaryň sany 50 ýetip, bäş günlik seminarda olar intensiw akademiki leksiýa geçip, ABŞ-nyň standartlaşdyrylan testler, ylmy taýdan işler barada maglumat aldylar, resminamalary ABŞ-nyň bäsdeş kollejlaryna we uniwersitetlaryna 2015-nji ýylyň güýzinde tabşyrmagyň hakyky ugryna geldiler. 2015-nji ýylyň Tomus Seminary Bilim we Maslahat beriş merkezinde (Education USA center) we Türkmenistanyň üç Amerikan Burçlarynda, Daşoguzda, Maryda we Türkmenabatda, şeýdip Türkmenistanyň bäş welaýatyndan, dördisinde SAW Seminar geçirildi.
2015-nji ýylyň Tomus Seminaryň okuw meýilnamasy ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrmagyň prosesi barada çuňňur düşünje, beýannamanyň strategiýasyny, wagtlar we talaplar, düzme (essay) ýazmak barada maslahat bermäne, anketany doldurmagy, stipendiýa almaklyk, stipendiýa mümkinçilikleri gözlemek üçin endikler we resurslar, şol sanda-da Prep4Success programma we diagnostiki giriş SAT we TOEFL synaglara ugrukdyrylan.
2015-nji ýylyň Tomus Seminary ABŞ-nyň kollejlary we uniwersitetlary bilen gyzyklanýan ähli müşderiler üçin açyk boldy. Ähli gatnaşyjylar Iňlis dili test we ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna resminama tabşyrjakdygynyň hyjuwlylygy esasynda saýlandy.
2015-nji ýyl Tomus Seminarynyň gatnaşyjylaryny ýene-de bir sapar gutlaýarys we olara ABŞ-nyň kollejlaryna we uniwersitetlaryna resminama tabşyrmakda gazanan endikler bilen ABŞ-da ýokary bilim almak maksadynda ähli üstinlikler arzuw eedýäris.