FLEX 2015 maksatnamasynyň bäsleşigi tamamlandy!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2016-2017 ýyllar üçin bäsleşigini tamam etdiler.

Bäsleşige Türkmenistan boýunça 900-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşdylar.  Bäsleşik bäş welaýatyň synag merkezlerinde geçirildi.  Bäsleşigiň netijeleri 2016-nji ýylyň Aprel aýynda belli bolar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2016-2017 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär. FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär.  ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we maýyp okuwçylar üçin açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 220-den gowurak maýyp okuwçy gatnaşyp, şolaryň 4 sanysy Türkmenistandan.

Continue reading FLEX 2015 maksatnamasynyň bäsleşigi tamamlandy!

FLEX maksatnamasynyň Aşgabatdaky netijeleri

FLEX maksatnamasynyň bäsleşigi şu ýyl dartgynly geçirilip, oňa 370-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Üçünji tapgyra geçen okuwçylaryň sanawyny şu taýda tapyp bilersiňiz. Üçünji tapgyra çagyrylan okuwçylar 20-nji mekdebe bellenilen wagtyndan iň azyndan 15 minut öň gelmelidir. Hem-de ýany bilen GARA ruçka getirmelidir. Ikinji tapgyrdan geçen okuwçylary gutlaýarys hem üçünji tapgyrda üstünlik arzuw edýäris!

HALKARA BILIM HEPDELIGI

Halkara bilim hepdeligine geliň hem onuň bilen baglylykda özbaşdak 
bilim almak meseleleri barada köp sanly gyzykly prezentasiýalary
tegelek stollarywe beýleki geçiriljek çäreleri diňlemek üçin geliň!

Wagty? Noýabr aýynyň 16-20-ne geçiriler

Geçirilýän ýeri? Maglumat Serişdeleri Merkezi (MSM)

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi, Işewürlik merkezi, 3-nji gat, Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy, Aşgabat, Türkmenistan

Maksady? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara ýokary bilim bilen tanyşdyrmak

Doly maglumat almak üçin