Category Archives: News

FLEX 2016 maksatnamasynyň bäsleşigi tamamlandy!

Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleri, FLEX maksatnamasynyň 2017-2018 ýyllar üçin bäsleşigini tamam etdiler.

Bäsleşige Türkmenistan boýunça 1000-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşdylar.  Bäsleşik bäş welaýatyň synag merkezlerinde geçirildi.  Bäsleşigiň netijeleri 2017-nji ýylyň Aprel aýynda belli bolar.

Bu bäsleşigiň ýeňijilerine Amerikan maşgalasynda ýaşamak, Amerikan orta mekdeplerinde 2017-2018 ýyllar aralygynda okamak mümkinçilikleri berilyär. FLEX maksatnamasy gatnaşyjylarynyň ýaşaýan ýerlerinden ABŞ-da boljak ýerlerine çenli gitmegi we yzyna gaýdyp gelmegi bilen bagly çykdaýjylaryny öz üstüne alýar, şeýle hem talyp hakyny berýär.  ABŞ-nyň hökümedi FLEX maksatnamasyna ýolbaşçylyk edýär we oňa doly ýardam berýär. FLEX maksatnamasy onuň talaplaryna gabat gelýän ähli mekdep okuwçylary we maýyp okuwçylar üçin açykdyr. Şu maksatnamanyň döredilen gününden bäri, oňa jemi 220-den gowurak maýyp okuwçy gatnaşyp, şolaryň 6 sanysy Türkmenistandan.

Indiki  2018-2019 ýyllar aralygynda geçiriljek FLEX maksatnamasy 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi arkaly tassyklanandan soňra başlar.  Mekdep okuwçylary, mugallymlary we ene-atalar bäsleşik barada doly maglumaty biziň web-sahypamyzdan ýa-da ýakyn Amerikan merkezlerinden alyp bilerler.

Soraglar bilen Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň ofisine ýüz tutup bilersiňiz:
Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 48A;
Tel: (99312) 36-90-21 (goş 107)
Elektron salgysy: flex@americancounsilstm.org
http://americancounsilstm.org

FLEX MAKSATNAMASYNYŇ AŞGABATDAKY 2-nji TAPGYRYŇ NETIJELERI

plbzyi1qwew

Aşgabat şaherindäki FLEX maksatnamasynyň bäsleşiginiň 2-nji tapgyryndan geçen okuwçylary gutlaýarys hem üçünji tapgyrda üstünlik arzuw edýäris!

Üçünji tapgyra çagyrylan okuwçylar 20-nji mekdebe bellenilen wagtyndan iň azyndan 15 minut öň gelmeli we mekdep lybasynda bolmaly. Hem-de ýany bilen GARA ruçka getirmelidir.

Üçünji tapgyra geçen okuwçylaryň sanawyny şu taýda tapyp bilersiňiz.

Halkara Bilim Hepdeligi (IEW)

main-page-1
Halkara Bilim boýunça Amerikan Geňeşlikleriniň Bilim we maslahat beriş merkezine dünýä derejinde geçirilýän Halkara bilim hepdeligini bellemek üçin goşulyň. Bu ýyl HBH-niň 16 ýyllygy sebäpli ählisi bir esasa gönükdirilen-ýagny Amerikanyň Birleşen ştatlarynda ýokary bilim almak bilen tanyşdyrmaklyk üçin köp özboluşly bilim prezentasiýalaryny, pikirlenişli oýunlardyr, çareleri gurnarys.

Wagty? Noýabr aýynyň 14-18-ne geçiriler
Geçirilýän ýeri? Maglumat Serişdeleri Merkezi (MSM)
ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümi, Işewürlik merkezi, 3-nji gat, Andalyp köçesiniň 70-nji jaýy, Aşgabat, Türkmenistan
Maksady? Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda halkara ýokary bilim bilen tanyşdyrmak

Doly maglumat almak üçin